23-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň fransuz dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, ýerli ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professor-mugallymlary, şeýle-de ylmy işgärler we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, bu çärä sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Fransiýanyň milli ylmy barlaglar merkeziniň ylmy işgäri, Fransuz-türkmen arheologiki ekspedisiýasynyň (MAFTUR) direktory, arheolog Hulio Bendezu-Sarmiento we “Fransiýa-Türkmenistan” dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Kristian Burdeý gatnaşdylar.

Çäraniň barşynda çykyş eden Kristian Burdeý “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň fransuz dilindäki neşiriniň türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň ilerledilmegi ugrunda ähmiýetini belläp, munuň özüniň ýolbaşçylyk edýän “Fransiýa-Türkmenistan” dostluk assosiasiýasynyň esasy maksady bolup durýandygyny nygtady.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.