Janluiji Buffon 1987-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli dünýäniň iň gowy
derwezebany diýlip saýlandy.
Döwrümiziň iň gowy derwezeçileriniň reýtingi Halkara futbol taryhy we
statistika federasiýasy (IFFHS) tarapyndan neşir edildi.
Görkezilen döwür üçin umumy reýting ýyllyk reýtingleriň utgaşmasy
esasynda düzüldi. Birinji ýeri bäş gezek ýylyň iň gowy derwezebany saýlanan
Janluiji Buffon eýeledi.
Reýtingde «SSKA Moskwanyň» häzirki derwezebany Igor Akinfeýew (47-nji
ýer) we Sowet derwezebany Rinat Dasaew (37-nji ýer) bar.
Buffon soňky 33 ýylda iň gowy derwezeban
