Munuň üçin türgenleşikden ýarym sagat öň güýçli kofe içmeli, türgenleşmäni irden däl-de, günortan edilse has gowy bolar.

Gözlegleriniň netijelerine esaslanýan şeýle teklipler Granada uniwersitetiniň (Ispaniýa) alymlary tarapyndan berilýär.

Hasaplamalaryň netijesi, şu şertlerde, aerobiki maşkdan ýarym sagat öň, günüň wagtyna garamazdan, gatnaşyjylaryň boş aşgazanda güýçli kofe içenlerinde, adipoz dokumasynyň okislenmeginiň iň ýokary derejesiniň, ýagny ätiýaç üçin ýaglaryň,energiýa çeşmesi hökmünde “ýanýandygyny” görkezdi. Şeýle-de bolsa, gözlegçileriň belleýşi ýaly, bu prosesiň gündelik üýtgemeleri bolýar we türgenleşigi irden däl-de, günortan sagat bäşde geçirilse, netijeler hasam gowy bolar.