12-nji aprelde Aşgabatda “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de
“Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň
açylyş dabarasy boldy. Şu mynasybetli dabaralara Gurbanguly Berdimuhamedow
gatnaşdy.
“Bouygues Batiment International” meşhur fransuz kompaniýasy tarapyndan
gurlan banklaryň täze binalary Aşgabadyň günorta böleginde, soňky ýyllarda
paýtagtymyzyň işewürlik merkezi kemala gelen Çandybil şaýolunyň ugrunda
ýerleşýär.
“Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň binanysyň umumy meýdany 17
müň inedördül metrden gowrakdyr. Edaralaryň birinji we ikinji gatlarynda amallar
zallary, depozitariýa, pulhanalar, mejlisler zaly we naharhana, dürli maksatly
beýleki otaglar ýerleşýär. Täze binada döwrebap kompýuter enjamlary bilen üpjün
edilen iş orunlarynyň 300-den gowragy gurnaldy. Bankyň hünärmenleri bir wagtyň
özünde 250-den gowrak müşderini kabul edip, olara ýokary derejede hyzmat edip
bilýärler.
Häzir «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň gullugy hem-de onuň 23
sany şahamçasy tutuş ýurdumyz boýunça hereket edýär, 600 müňden gowrak
müşderä hyzmat edip, olara amatly goýumlaryňdyr hyzmatlaryň giň görnüşlerini,
kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegini karzlaşdyrmak bilen birlikde, karz
serişdeleriniň dürli görnüşlerini hödürleýär.
“Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň umumy meýdany 16
müň inedördül metrden gowrakdyr. Beýikligi bolsa, 76,5 metre, ini 35,5 metre
barabardyr. “A” toplumda dolandyryş, hojalyk we tehniki otaglary ýerleşýär. 1-nji
gatda 247 orunlyk maslahatlar zaly we beýleki otaglar, 2 — 11-nji gatlarda iş
otaglary bar. Binanyň ýokarky gatlarynda bankyň ýolbaşçylarynyň iş otaglary
ýerleşýär.