Atçylyk sporty bedewler bilen aragatnaşykda bolmagyň lezzetini duýmaga,
fiziki taýdan  kämillige ýetmäge mümkinçilik berýän birnäçe görnüşleri öz içine
sportdur. At münmegiň adam saglygyna ýetirýän täsiri baradaky maglumatlara
gadymy döwürlerdäki  ýazgylarda hem duş gelmek bolýar.  Meşhur lukman Antila
at  münmegiň tutuş bedeni güýçlendirýändigi  baradaky pikiri  öňe sürüpdir. Selsiý
aşgazan-içege ulgamynyň kesellerini at münmek arkaly bejermegi maslahat
beripdir. Gippokrat bolsa, öz gezeginde, sussupes, tukat adamlara atyň üstünde
gezim etmegi maslahat beripdir. Onuň pikiriçe, at üstünde gezim etmek adamlary
erbet pikirlerden daşlaşdyrýar.
Häzirki wagtda lukmanlaryň gözlegleri ippoterapiýanyň hassalaryň tiz
sagalmagyna ýardam edýändigini görkezdi. XXI asyrda lukmanlar aty  eýerläp
münmegiň adamyň iýmit siňdiriş, gan aýlanyş, nerw, dem alyş,  endokrin
ulgamlaryna oňyn täsir edýändigini, hereket agzalarynyň işini işjeňleşdirýändigini
anykladylar. Şeýle-de, alymlar at münmegiň ruhy sarsgynlardan aýňalmaga oňat
täsir edýändigini belleýärler.
At münmegiň  bedene ýetirýän täsiri  at bilen  geçilýän ýola   baglydyr.
Mysal üçin, at üstünde  yzly-yzyna gezelenç etmek, adam bedenine pyýada
ýöremegiň  saglyga peýdasy ýaly täsir edýär. At çapmak bolsa  dag-da ýa-da büdür
– südür ýerlerde ylgamak bilen deňdir.  Adam  at üstünde gezelenç edýän wagty
çalt ýöremäge ýa-da ylgamaga garanyňda, oňurga bogunlaryna düşýän agram ep-
esli azalýar, ýöne şol bir wagtyň özünde hem adam bedeniniň deňagramlylygy
sazlanýar.
Lukmanlar atyň üstündäki gezimiň skolioz, aşa semizlik, osteohondroz ýaly
keselleri bejermäge kömek edýändigini belleýärler. Şeýle-de ippoterapiýa ysmaz
keselini, autizmi, Daun keselini bejermekde oňyn täsir edýär.
Atly gezelenç wagtynda atyň temperaturasy adam bedeniniň
temperaturasyndan birnäçe gradus ýokary bolýar,  at işjeň wagtynda onuň
temperaturasy   has hem ýokarlanýar. Şol wagtda at bilen çapyksuwar
umumylykda hereket edýär. Bu bolsa adamyň beden agzalarynyň sazlaşykly işine
oňyn täsirini ýetirýär. At üstündäki gezelenç ruhy ýagdaýlarda-da nepli, ol adamy
rahatlandyrýar, ýatkeşligi gowulandyrýar, pikiriňi jemlemäge ýardam edýär.
Adam ata münende şähdi açylyp, begenç, şatlyk duýgularyny başdan geçirýär.
Ýakymly duýgular bolsa, islendik keseliň—emi. Ýöne böwrek ýetmezçilikli,
dogabitdi süňk döwülgenligi bolan adamlar we göwreli aýallar at münmezden ozal,
hökman lukman bilen maslahatlaşmaly.