9-njy maýda ýurdumyzda umumyhalk baýramçylygy — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy bellenildi. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen hem-de Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, Aşgabadyň 140 ýyllygy dabaralandyrylýan ýylda Ýeňiş güni Oraza aýynda bellenilýän seneler bilen gabat geldi. Olar türkmen halkynyň öz ruhy köklerine, hoşniýetliligiň maksatlaryna, umumadamzat gymmatlyklaryna mizemez ygrarlydygynyň beýanydyr.

Ýeňiş güni ata-babalaryna buýsanýan, olaryň wesýetlerini sarpalaýan türkmenistanlylaryň ýaş neslini terbiýelemekde aýratyn ähmiýeti bolan senedir.

Milli Gahrymanlarymyzyň edermenliginiň öňünde baş egmek üçin bu ýere talyp ýaşlarymyz, şöhratly ata-babalarymyzyň — frontçy gahrymanlaryň agtyklary we çowluklary hem geldiler.

Gül goýmak çäresi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de bu ýere ýygnananlar agzaçar sadakasy beriljek ýörite jaýa bardylar.

Soňra milli Liderimiz ýurdumyzyň müftüsinden tebärek çykyp bermegini haýyş etdi. Türkmenistanyň müftüsi Beýik Biribardan doga-dilegler edenden soň, agzaçar sadakasyna gatnaşýanlara nahar çekildi.

Nahardan soň, aýat-töwir edilip, türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň dowamat-dowam bolmagy, halkymyzyň agzybirligi, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, köpugurly işlerinde Gurbanguly Berdimuhamedowa täze üstünlikleriň hemra bolmagy dileg edildi.