Welaýatlardan we Aşgabat şäherinden “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna
dynç almaga gitjek raýatlar üçin şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap her gün Aşgabat-
Türkmenbaşy-Aşgabat ugry boýunça ýörite ýolagçy otly gatnawlarynyň ýola
goýulmagy meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly,
“Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradow anna güni
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Keselleriň ýaýramagyna garşy
göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň
Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýolbaşçylyk edýän ulgamyndaky işleriň
ýagdaýy barada beren hasabatynda habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
demir ýol ulagynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmek boýunça wezipeleri
çözmegiň ileri tutulýan ugurdygyna ünsi çekip, agentligiň başlygyna degişli
tabşyryklary berdi.
Şeýle hem, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Döwran Saburow öz
hasabatynyň çäklerinde tomus dynç alyş möwsüminde “Awaza” milli syýahatçylyk
zolagynda dynç alşy guramagyň meýilleşdirilýän tertibine laýyklykda, goşmaça
ýolagçy uçar gatnawlary ýola goýmak boýunça görülýän çäreler barada habar
berdi.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler 1-nji iýundan Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat ugry boýunça gündelik ýolagçy otly gatnawlary ýola goýlar
1-nji iýundan Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat ugry boýunça gündelik ýolagçy otly gatnawlary ýola goýlar

RU



