Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň iň owadan, asuda, abadan şäherleriniň birine öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlarynyň netijesinde gaýtalanmajak gözelligi bolan paýtagtymyz Aşgabadyň ajaýyp binalary Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi barha gülläp ösýän ak mermerli şäherimiziň abraýyny has-da belende göterdi. Munuň özi Aziýanyň merjeni hasaplanylýan Türkmenistanyň baş şäherinde alnyp barylýan tutumly işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň şaýadydyr. Biz merjen şäherimiz Aşgabada «Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp sungat eseri» diýip, arkaýyn aýdyp bilýäris. Aşgabadyň täsin, owadan binagärlik çözgütlere eýe bolan özboluşly desgalary birnäçe gezek Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi Milli Liderimiziň ynsan elleri bilen döredilen binagärlik sungatyny döwrebap ülňülere laýyklykda ösdürmek boýunça alyp barýan tutanýerli işleriniň öz miwesini berýändigini aňladýar. 2008-nji ýylyň iýun aýynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň öňündäki meýdançada beýikligi 133 metr
bolan iň beýik baýdak sütüninde ýaşyl tugumyz buýsanjymyz bolup, asuda
asmanymyzda erkana parlaýar. 2008-nji ýylda paýtagtymyzyň görküne görk goşýan Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda Oguz han we onuň alty ogly şekillendirilen «Oguz han» suw çüwdürimler toplumy Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun aldy.
2012-nji ýylda iň uly ýapyk görnüşli çarh hökmünde (beýikligi 57 metr) Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen «Älem» medeni-dynç alyş merkezi bagtyýar halkymyzyň iň bir gelimli ýerine öwrüldi. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabat şäheri ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu buýsançly waka bolsa ýurdumyzyň ösüş depginini bütin dünýä ýene-de äşgär etdi. Bu günki gün ak şäherimiz Aşgabat bagtyýarlygyň mesgeni hökmünde dünýä doldy. 2016-njy ýylda esasy ýolagçy terminalynyň ýokarsynda iň uly gölüň şekillendirilmegi netijesinde, Aşgabadyň Halkara howa menzili «Iň uly göl» (705 m 2 ) adyna eýe bolan binagärlik aýratynlygy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Binagärlik gurluşy täsin bolan howa menzilimiz hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. 2017-nji Aşgabadyň täze döwrebap Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şeýle hem bu ýylda Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň suw görnüşleri merkezi halkara ölçegleriň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologik taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan, häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda bina edilen, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Goý, Watanymyzy we gözel paýtagtymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Hallyÿewa Çynar,
,,Daşoguzenergogurluşyk” kärhanasynyñ Kärdeşler arkalaşyklarynyñ ilkinji guramasynyñ başlygy.