Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň okyjylara serpaý ýapan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri” atly ajaýyp ylmy-filosofik eserinde milletimiziň müdimilik hemra edinen döwletlilik ýörelgeleriniň, ahlak gymmatlyklarynyň üsti bilen häzirki döwrüň durmuş filosofiýasy giňişleýin beýan edilýär. Bu kitap milletimiziň asyrlar aşyp gelýän döwletlilik ýörelgeleriniň pelsepewi teswirleriniň bir ýere jemlenmesidir. Milli mirasymyzy halkyň kalbyna, geçmişiň ýaňyna deňeýän Döwlet Baştutanymyzyň şeýle uly tagallalary ýöne ýerden däl. Döwletliligiň, ynsanperwerligiň, ynanyşmagyň hem-de edep-ekramyň gözbaşlary, esasan, öňden gelýän kämil ýörelgelerimize daýanýar. Şu ýerde bir zady nygtamak gerek. Häzirki zamanyň esasy aýratynlygy hökmünde häsiýetlenýän ýyllara at dakmak däbi, olaryň düýp mazmunynda milli gymmatlyklarymyzyň hem-de milletimiziň paýhas mekdebiniň ägirtleriniň gymmaty egsilmejek parasatly pikirleriniň orun tapmagy ynsanperwerligiň amaly tarapynyň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Birek-birege sarpa goýmak, ynam etmek döwletliligiň berk binýadynda geljege ýol arçaýar. Şol ýol parahatçylygyň baýdagy bolup, sebitde hem-de dünýäde dost-dogana, ýakyn hem ýada Watan diýip gyratyna atlanan, dünýäniň çar künjünde 70-den gowrak döwleti guran ärleriň, şirleriň merdanalygyny, edermenligini, paýhas ummanynda akyl gämisini erkana ýüzdürip bilen akyldarlaryň zehinini, umumadamzada söýgi mukamyny özünde jem eden nusga alarlyk kämil ýörelgeleri bagyş edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ähli ugurlarynda ynsan ykbalyna biparh garamazlyk duýgusy örboýuna galýar. Döwletiň her bir raýatynyň ägirt uly alada bilen gurşalmagy, ýer ýüzüniň halklarynyň birek-birege ynam bildirip, parahatçylykda ýaşamaklary üçin dünýäniň iň mertebeli münberinden edilen teklipler şu döwrüň baş ýörelgesiniň, filosofiki binýadynyň esasyny goýýar. Ol hem adam sarpasynyň iň ýokary göteriliş derejesi bilen berk baglanyşyklydyr. Ynsan sarpasy arşa barabardyr. Şu ýerde Jygaly begiň agtygy Görogla: “Bir garyp aglap duranda, ýanynda gülüji bolma” diýen pendi ýa-da diwana derwüşleriň dilleriniň senasyna öwrülen “Iller ýagşy, men ýaman, iller bugdaý, men saman” kimin setirleri milletimiziň ruhy sütünleriniň yranmazlygyndan habar berýär.

Mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet aganyň Ýer yranyp, kesegiň aşagynda galanda, ýardam etmek üçin gelen adamlara öz ýagdaýynyň gowudygy, mekdepde ýaňy işe başlan hünärmenden, onuň maşgalasyndan habar tutuň diýip tabşyrmagy ýa-da ýaňy 11 ýaşyndaky Mälikgulynyň adama, tebigata, haýwanat dünýäsine bolan çuň söýgüsi “Ozal akan ýerden akarmyş aryk” diýen halk parasadynyň, hakykatdan-da, nobatdaky ykrarnamasydyr.

Arkadag Prezidentimiziň ynsanperwerlik baradaky pelsepewi taglymy milli çäklerden umumadamzat gymmatlygynyň derejesine göterildi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan özüniň daşary ýurtlar bilen alyp barýan gatnaşyklarynda parahatçylygy söýüjilik, agzybirlik, beýleki dinlere hormat goýmak, birek-birege ynanyşmak, ynsanperwerlik ýaly ýörelgelere eýerýär. Şu ýerde biziň Bitaraplyk syýasatymyzyň hem tutuşlygyna gumanizme ýugrulandygyny bellemek isleýäris. Hormatly Prezidentimiziň Hemişelik Bitaraplyk taglymatynyň özeninde hem zeminiň zynaty ynsanyň mertebesi arşyň menziline ýol salýar. Milli Liderimiziň dünýä döwletleri bilen ýola goýan hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygynyň aýratynlygy külli ynsanyýete bolan beýik söýgüden, hormat hem sarpadan ybarat. Munuň şeýledigini Arkadag Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe süren başlangyçlary, olaryň häzirki döwürde amal bolmagy hem tassyklaýar. Indi çärýek asyr wagt bäri türkmen bitaraplygy özünde bütintürkmen dartyş güýjüni saklaýar. Ählitürkmen jemgyýetçilik aňy Hormatly Prezidentimiziň bitaraplyk taglymatynyň daşynda aýlanýar. Bu taglymatyň iňňän gadymy kökleriniň bardygyna halkymyzyň şöhratly taryhy aýdyň şaýatdyr. Gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan agzybirlik, watansöýüjilik, erkin ýaşamak, adam mertebesini beýgeltmek, milli bähbitlerine laýyk gelýän parahatçylyk söýüjilik, açyklyk, goňşular bilen hoşniýetli gatnaşyklarda bolmak, döretmek, gurmak, şeýle hem beýleki halklaryň medeniýetini hormatlamak ýaly milli häsiýetdäki umumadamzat filosofiýasy türkmen jemgyýetiniň ösüşini kesgitleýän wajyp görkezijileriň esasylarydyr.

Akyly, paýhasy, nesil terbiýesinde miras galdyran kämil taglymy bilen ynsanperwer ylymlaryň pelsepe goruny artdyran Döwletmämmet Azadyda şeýle bir ajaýyp pähim bar:

Käbe weýran etmeden müň mertebe,

Bir köňül ýykmak ýamandyr eý, dede.

Göwün ýykylan, köňül synan ýerde ynsanperwerlik, ynanyşmak, parahatçylyk neýlesin?! Parahatçylyk, ynsanperwerlik, ynam meselesi müňlerçe ýyllyk geçmiş mirasymyzyň müdimi meselesidir.

Milletimiziň çuň many-mazmuna ýugrulan ýaşaýyş pelsepesi öz köklerini parahatçylyk söýüjilikden, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinden we özge halklara hoşniýetli garaýyşlaryndan alyp gaýdýar. Oguz hanyň öwüt-nesihatlary, Gorkut atanyň pentleri, Orhon-Ýeniseý ýazuw ýadygärlikleri, Göroglynyň dutaryny gylyjyndan öň ulanmagy, şeýle hem akyldar şahyrlarymyzyň watanperwerligiň, ynsanperwerligiň, adamkärçiligiň belent ruhly beýanaty bolan şygyrlary halkymyzyň hoşniýetli bitaraplyk häsiýetleriniň edebi çeşmelerimizdäki mynasyp ornuny aýan edýär.

Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlik, parahatçylyk baradaky syýasatynyň özenini halkyň abadan, bagtyýar durmuşy, döwletiň bu ugurdaky parasatly syýasatynyň mizemezligi, pederlerden miras galan taryhy tejribäni, milli gymmatlyklary döwre görä ösdürip, öňe äkitmek baradaky pikirler düzýär.

Goý, tutuş adamzadyň ýagty geljeginiň, bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna döwletli başlangyçlary öňe sürüp, beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, işleri rowaç bolsun!

Mährijemal Hapyzowa,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we 

dolandyryş institutynyň uly mugallymy.