Beýik Ỳüpek ýolunyň ugrundaky uly ýurduň biri Parfiýa döwleti bolupdyr.
Hytaýyň söwda kerwenleri Parfiýanyň baý şäherleriniň üstünden arkaýyn geçip,
Mesopotamiýa çenli baryp ýetipdirler. Parfiýa täjirleri diňe bir hytaý harytlaryny
satyn almak ýa-da ony günbatar ýurtlaryna äkitmek bilen meşgul bolman, eýsem
özleri hem Hytaýa birnäçe zatlary satypdyrlar. Hytaý öz serhedini birnäçe çarwa
taýpalardan goramak üçin, gylýala mätäç bolupdyr. Parfiýa bolsa ýyndam we
gaýratly atlara baý bolupdyr. Şeýlelikde, Parfiýa atlaryna bolan isleg Hytaýda
ýokary bolupdyr. Türkmenistan söwda kerwen ýolunyň çatrygynda ýerleşipdir.
B.e. öňki asyrlarda hem Amul (Türkmenabat) söwda ýollarynyň kesişýän ýeri
bolupdyr. Çyn-Maçyn ýurdundan gaýdan kerwenler Jeýhun (Amyderýa)
derýasyndan geçip, Amulda düşläpdirler. Amuldan demirgazyga ugran kerwenler
gadymy Gürgenje, günbatara ugran kerwenler Merwe we ondan aňryk Sarahsa,
Abiwerde, Nusaýa, Dehistana barypdyrlar.
Türkmenler kerwenleri garşy alypdyrlar we ugradypdyrlar, olaryň goragynda
durupdyrlar, düýeler, beýleki ulaglar, azyk-suwluklar bilen üpjün edipdirler.
Türkmenleriň üstünden Hywa, Buhara, Hyrada, Maşada, Yspyhana, Töwrize
barýan söwda kerwenleri geçipdirler. Türkmenleriň öndüren haly, dokmaçylyk,
zergärçilik, gön önümleri daşary ýurtlarda hem şöhratlanypdyr. Gadymy
döwürlerde we orta asyrlarda Merw Gündogaryň iň uly medeni we söwda merkezi
bolupdyr. Merw özüniň ökde hünärmenleri bilen hem meşhur ekeni. Orta asyrlarda
oňa “Horasan şäherleriniň enesi” diýilmegi ýöne ýerden däldir. Merwiň
matalaryndan Bagdat han-begleriniň lybaslary tikilipdir. Merwde ýasalan
zergärçilik we küýzegärçilik önümleri geçginli harytlar bolupdyr.
Beýik Ỳüpek ýolunyň ugrundaky iň uly şäherleriň biri-de gadymy Gürgenç –
häzirki Köneürgenç şäheridir. Onuň bazarlaryna dünýäniň köp ýurtlaryndan täjirler
gelipdirler. Horezmde ýasalan syrçaly küýzeler, bürünç gaplar, şaý-sepler, altyn-
kümüşden zikgelenen teňňeler köp ýurtlara ýaýrapdyr. Orta asyrlarda Gürgenjiň
gawun-garpyzlary Bagdat bazarlarynda satylypdyr.
Merw we Gürgenç diňe söwdanyň däl, eýsem ylmyň we medeniýetiň
merkezleri hem bolupdyr. Dünýä meşhur orta asyr alymlary Gürgençdäki we
Merwdäki Mamunylar akademiýalarynda okap, bilim alyp, ökde lukmanlar,
filosoflar, matematikler, taryhçylar, geograflar, şahyrlar we sazandalar bolup
ýetişipdirler.
Orta asyr Dehistan şäheri hem halkara kerwen ýolunda ýerleşipdir. Bu şäherde
Horezmden Eýrana, arap ýurtlaryna barýan-gelýän kerwenler düşläp geçipdirler.
Bu ýerde dünýäniň 44 şäherinde zikge edilen pul hazynasynyň tapylmagy,
Dehistanyň orta asyryň söwda we medeni gatnaşyklarynda uly orun tutandygyny
görkezýär. Diýarbekir, Yzmykşir, Zemm ýaly onlarça şäher-galalar hem Beýik
Ỳüpek ýolunyň dürli şahalarynda ýerleşen şäherlerdir
Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş intitutynyň 2-nji ýyl talyby.

RU



