Apennin ýarym adasynyň bir bölegi bolan Etruriýada (häzirki Toskana)
miladydan öňki I müňýyllykda gadymy etrusk taýpalary ösen siwilizasiýany
döredipdirler. Ol barada grek we rim awtorlarynyň (Gerodot, Diodor, Strabon, Tit
Liwiý, Uly Pliniý) ýazgylary we etrusk gonalgalaryndan tapylan arheologik
tapyndylar köp maglumatlary berýär. Miladydan öňki IV asyra degişli
Tarkwinidäki etrusk gonamçylygyndan tapylan freskalardaky sazandalaryň
suratlary, şol ýerde ýüze çykarylan miladydan öňki V asyra degişli şekiller şol
döwrüň özboluşly medeniýetini hem-de sungatyny açyp görkezýär. Gazuw-
agtaryşlaryň netijesinde 10 müňe golaý etrusk ýaz- gylary tapylypdyr. Emma
şeýle-de bolsa, etrusklaryň gelip çykyşy we olaryň döreden baý medeniýeti bilen
baglanyşykly çözülmän ýatan meseleler bardyr.
Etruriýada bürünçden ýasalan heýkeller we reňklenen terrakotalar
(gyzylymtyl-goňur reňkli bişirilen toýundan edilen heýkeljikler), sebetler, tabytlar,
metaldan, altyndan edilen önümler ýasalypdyr.
AÝGÜL Ataýewa,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby