Elbetde, taryhymyzda, edebiýatymyzda gymmatly maglumatlary asyrlaryň jümmüşinden şu günlerimize getirýän zat ýazuw ýadygärliklerimiz bolup durýar. Ilkibaşda tebigatdaky aýry-aýry zatlary habar bermegiň, ýatda saklamagyň ilkinji serişdeleri beýan edilipdir. Muňa zatlaryň ýazuwy hem diýilýär. Olar haýsy-da bolsa bir zady aňladýan, habar berýän alamat bolup çykyş edipdir. Mundan başga-da, düwün ýa-da ýüp ýazuwy hem bolupdyr. Meselem: Ol taýaga daňlan dürli reňkli hem-de örülen ýa-da işilen, düwlen ýüplerdir. Düwlen gyzyl reňkli ýüp goşuny, ýaşyl reňkli ýüp däneden bişirilen çöregi, sary reňkli ýüp altyny aňladypdyr.

Görşümiz ýaly, zerurlyk maksady bilen döredilen dürli zatlaryň üsti bilen düşünje aňladylyp, ýuwaş-ýuwaşdan ýazuw ösüp başlapdyr. Aslynda, ýazuw görmek arkaly kabul edilýän, çyzylmak, oýulmak arkaly döreýän belgileriň jeminden emele gelýär. Ol öz üstünden üç ösüş döwri geçiripdir. Olaryň içinde iň gadymysy hasaplanýan piktografiýa ýazuwydyr. Piktografiýa sözi latyn we grek diliniň goşulmagyndan emele gelip, «pictus» — latynça «surat», «grapho» — grekçe «ýazýaryn» diýen manyny aňladýar.

Ibragimowa Laçyn,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünyä dilleri institutynyň  talyby.