Sergileriň döreýşi hakyndaky ýazuw ýadygärliklerine ser salanymyzda, ilkinji geçirilen ýarmarkanyň 629-njy ýylda Parižda bolandygyna duş gelmek bolýar. Iki – üç müň ýyl mundan ozal, Ýakyn Gündogaryň territoriýasynda ýarmarka üçin ýörite ýer bölünip berlipdir. Oňa dünýäniň köp ýurtlaryndan täjirleriň gelendigini gazuw-agtaryş işleriň netijeleri subut edýär.
Biziň günlerimizdäki belli Frankfurt ýarmarkasy ilkinji gezek 1150-nji ýylda guralypdyr. Niderlandiýada hem ýarmarka geçirmek 1127-nji ýylda resmi taýdan tassyklanypdyr. Emma ol ýerde diňe golland harytlary görkezilipdir. Şeýle hem Frankfurtda ilkinji kitap ýarmarkasy 1480-nji ýylda geçirilipdir. Senagatyň giç ösmegi bilen iri ýarmarkalarda diňe iň gowy harytlaryň nusgalary görkezilipdir. Ol “Hilleriň ýarmarkasy” diýlip atlandyrylyp, olaryň has meşhury “Leýpsig” ýarmarkasy bolupdyr.
Senagat sergisi
Ilkinji senagat sergisi 1756-njy ýylda Londonda geçirilipdir. Ol Beýik Britaniýanyň senagatda gazanan üstünliklerini görkezmäge niýetlenipdir, ýöne ol heniz halkara derejesine ýetmändir. Ondan soňky sergiler ägirt uly ýeri eýeläp, olary geçirmek üçin ýörite niýetlenen özboluşly binalary gurupdyrlar. Muňa mysal hökmünde, 1851-nji ýylda Londonda bütindünýä sergisini geçirmek üçin “Cristal Palace” binasy gurlupdyr. Ol ýerde Parižiň simwoly bolan Eýfel diňi (başnýasy) gurlupdyr.
Ilkinji senagat sergisinde üýtgeşik zatlar görkezilipdir. Bugotlulary we ot ýatyrýan maşynlar täsin görnüşlere eýe bolup, barokko we gotika (XVI-XVIII asyrlarda ýaýran çylşyrymly arhitektura we heýkel stili) usulynda berjaý edilipdir.
Sergileri guramakda ýörelgeleriň emele gelmegi
Sergileriň kämilleşmegi taryhy sergi enjamlarynyň ösüşiniň taryhy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Sergi stendleri, witrinalary we şkaflary ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda köp üýtgetmelere sezewar bolupdyr. Sergileriň uly meseleleriniň biri bolsa, haýsydyr bir şereketiň birnäçe tonnalyk puşkasyndan başlap, tä durmuşda ulanylýan ownuk harytlaryna çenli sergä goýulmagy bolup, bugotlulary hem ilkinji elektrik enjamlary bilen bilelikde ýerleşdirilipdir.
Muňa garamazdan, soňabaka adamlar sergilere göwün açmak üçin hem gelipdirler. Bu ýerde aýdym-sazlar ýaňlanyp, dürli yşyklar bilen bezelipdir. Şeýle hem ol ýerde dürli-dürli süýjüliklerden garbanmaga we tanslara tomaşa etmäge mümkinçilik döredilipdir. Emm şu hili dürli-dürlülikde haýsydyr bir ulgam ýa-da tertip-düzgün bolmandyr. Üstünden 10 ýyl çemesi ýyl geçensoň, sergi sungaty belli bir tertibe eýe bolup başlapdyr. Soňlar sergi giňişligini guramak hakynda giden bir ylym we düýpli taslamar hem ýüze çykyp başlapdyr. Bu usullar häzirki wagtda hem sergileri geçirmekde giňden ulanylýandyr. Sergi stendleri ekspozisiýa taýýarlananda we sergini guramakda esasy gurluş elementi hökmünde aýratyn orun eýeläpdir.
Gurbanjemal EGIRJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
III ýyl talyby.