Daşky gurşawy goramak, durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň örän möhüm bölegidir. Ekologiýa çäreleri bu gün ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmeginiň täze şertine, tutuş halk hojalygynyň tebigatdan peýdalanmagyň täze nusgasyna geçmegi üçin binýada öwrülýär. «Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär» diýlip, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde berkidilýär.

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da ýaýbaňlandyrylmagy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi döwlet ekologiýa syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

BMG-niň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmäge düýpli çemeleşýär. Bilşimiz ýaly, bu ugurda Türkmenistan BMG-niň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi ýaly abraýly halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýar hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine milli hem-de ählumumy derejede ýurdumyzyň ähli şäherleriniň we obalarynyň töwereginde gök zolaklaryň döredilmegini göz öňünde tutýan uzakmöhletleýin bag ekmek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol maksatnamanyň çäklerinde şäherleriň, ilatly ýerleriň töwereklerinde, awtomobil we demir ýollarynyň ugurlarynda täze tokaýlyklar kemala gelýär.

Gylyç Joraýew,

Türkmenistanyñ Inźener–tehniki we ulag kammunikasiýalary institutynyñ,

 Jemgyýeti öwreniş kafedyrasynyñ mugallymy.