Çygly saç bilen ýatmak hakykatdanam köp keselleriň döremegine getirýär. Elbetde, ýatmazdan ozal suwa düşmek ukynyň hilini ýokarlandyrýar. Bu amalda, duşdan soň çygly saç bilen uklamak, myşsalaryň dartylmagyny peseldýär, immun ulgamyna we myşsalara ýaramaz täsir edýär.  Şonuň üçin çygly saç bilen uklamagyň zyýany barada käbir maglumatlary siziň bilen paýlaşmagy makul bildik.

Saçlary guratmak köplenç agyr iş hökmünde görülse-de, ýeterlik derejede guradylmalydyr we saglyk meselelerine garşy çäreler görülmelidir:

Çygly saç bilen ýatmak ilki bilen myşsalarymyzda agyry döredýär. Sebäbi çygly saç gan aýlanyşyna sebäp bolýar we bedeniň temperaturasyny üýtgedýär. Myşsanyň dartylmagyny we spazmyny ýokarlandyrýan bu ýagdaý sebäpli saçlary guratmak möhüm hasaplanýar.

Bedeniň temperaturasynyň üýtgemegini başdan geçirmek sowuklama sebäp bolýar. Allergiýany döredýän çygly saç, bedeniň gorag mehanizmini gowşadýar. Netijede, bakteriýalary we wiruslary işjeňleşdirýär we adamlara bu ýagdaý çalt täsir edýär.

Çygly saç bilen uklamak deride gijilewigiñ döremegine sebäp bolýar. Gijilewik çişmegi we gyjyndyrmany hem çagyrýar. Şonuň üçin hemişe ýatmazdan ozal saçyňyzy ýeterlik derejede guratmak maslahat berilýär.

Saçyñ ujunyň döwülmegine sebäp bolýan çygly saçlar hem saç gyllaryny gowşadýar.

Aýallar, adatça, saçlaryny guratman, uklamagy gowy görýärler. Şeýle-de bolsa, çyglylygyň uzak wagtlap saklanmagyna sebäp bolýan bu ýagdaý, kelläniň gan aýlanyşyna täsir edýär.

Bellik: Ýatmazdan ozal saçlarymyzy guratmak örän möhümdir!

Gurbannazarowa Jennet,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.