Saglyk — bu gözel tebigatymyzyň ynsana eçilen nygmatydyr. Şol saglygy gözüň göreji ýaly goramak üçin sag wagtyňda alada etmeli. Saglygyny berkitmek her bir ynsanyň öz elinde. Muny üpjün etmek üçin her birimiziň hemişe hereketde bolmaga, dogry iýmitlenmäge, sport bilen meşgullanmaga endik bolmagymyz zerurdyr. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Saglygyň gadyryn bilgil, hassa bolmazdan burun» diýşi ýaly, ynsan saglygyny goramak, onuň gadyryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Türkmen saglygy goraýyş we lukmançylyk pudagynyň işgärleri her ýyl 10-njy oktýabrda hünär baýramçylygyny belleýärler.
Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny düýpli ösdürmekde we dünýä derejesine çykarmakda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň möhüm ähmiýeti boldy. 1995-nji ýylda ýurtda saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek üçin “Saglyk” döwlet maksatnamasy döredildi. Ynsan saglygyny goramak, ilki bilen, keseliň öňüni almak «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Maksatnamanyň esasynda dünýä ylmynyň we tejribeleriniň biziň şertlerimize laýyk ornaşdyrylmagy, maddy-tehniki üpjünçiligiň kämilleşdirilmegi türkmen milli lukmançylygynyň esasy aýratynlyklarydyr. “Saglyk” Döwlet maksatnamasy ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny guramagyň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak bilen, ol möhüm pudagyň düýpli özgerdilmegine, keselleri bejermegiň we olaryň öňüni almagyň kämil usullarynyň ornaşdyrylmagyna, ýokary hünärli saglygy goraýyş işgärleriniň taýýarlanylmagyna we lukmançylyk ylmynyň mundan beýläk-de ösüşine gönükdirilendir. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar we Ilat gaznalary, Ösüş maksatnamasy, beýleki abraýly halkara guramalar bilen özara bähbitli işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Garaşsyz Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň 2020-2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, 2020-2024-nji ýyllar üçin Hat we ösüş boýunça hem-de Neşe serişdeleri boýunça Komissiýalarynyň agzalygyna saýlanmagy ýurdumyzda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmeginiň, iýmit howpsuzlygynyň gazanylmagynyň, ýaramaz endiklere garşy barlyşyksyz göreşiň ýola goýulmagynyň dünýäde giňden ykrar edilýändiginiň ýene-de bir mysalydyr.
Häzirki wagtda Türkmenistanda saglygy goraýyş pudagyna has ähmiýet berilýär we döwlet tarapyndan has köp üns berilýär. Ýurtda saglygy goraýyşy ösdürmek üçin döwlet maksatnamasy, şeýle hem milletiň saglygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen dürli maksatnamalar we strategiýalar bar. Medisinanyň ösmeginde esasy rol lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny gowulaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak üçin berilýär: täze lukmançylyk merkezlerini, hassahanalary, poliklinikalary gurmak, olary häzirki zaman anyklaýyş we lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrmak, köne lukmançylyk edaralaryny abatlamak we köne enjamlary täzeleri bilen çalyşmaklyk alnyp barylýar . Öz derman önümçiligini, şypahana profilini kem-kemden ösdürýär. Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň we ýokary hünärli işgärler bolmazdan lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagyň mümkin däldigi hem göz öňünde tutulýar. Bu maksat bilen, öz lukmançylyk bilim edaralarymyzyň esasynda we daşary ýurtlarda talyplaryň taýýarlanmagy bilen lukmançylyk işgärlerini taýýarlamak we bilim bermek, ösen okuw ulgamy kämilleşdirilýär.
“Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen şygardan ugur alnyp, häzirki döwürde ýurtda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar. Aşgabatdaky we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky bejeriş-öňüni alyş edaralaryna elektron resminama dolanyşygy ulgamy ornaşdyryldy. Telelukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmak, teleköpri arkaly saglygy goraýyş edaralarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly geňeşmeleri alyp barmak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Ulgamyň düzümlerini kämilleşdirmek babatda ýerine ýetirilýän işleriň çäklerinde tutuş ýurtda iň häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap lukmançylyk merkezleri, saglyk öýleri hem derman senagatyna degişli desgalar yzygiderli gurulýar.
Türkmenistanyň 2018 — 2021nji ýyllarda ýokanç kesellere gözegçilik etmek boýunça Ählumumy gaznanyň pul baýragyna mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Türkmenistanda azyk harytlarynyň hiline we howpsuzlygyna berk gözegçilik ýola goýuldy. 2019-njy ýylda Türkmenistanyň ilatynyň 2020 — 2025-nji ýyllarda sagdyn iýmitlenmegi boýunça Milli maksatnama kabul edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan “Aşgabat Jarnamasynyň düzgünlerini amala aşyrmak – Ýewropa sebitini temmäki tüssesinden azat etmek” atly taslama maliýeleşdirildi. Dünýä derejesinde enjamlaşdyrylyp, ulanylmaga berilýän hassahanalaryň we saglyk merkezleriniň, sagaldyş-dynç alyş öýleriniň, sport desgalarynyň, şypahanalaryňdyr anyklaýyş-bejeriş edaralarynyň barha köpelmegi Garaşsyz döwletimizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürýär.
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň ajaýyp baýramçylyk gününde mähriban halkymyzyň jan saglygyny goramak, abadan durmuşyny üpjün etmek bilen bagly alyp barýan işlerinde üstünlikler hemrasy bolsun.
Orazmyrat Hemraýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby