74 ýyl mundan ozal, hut şu gün adamyň hukuklary we azatlyklary hakynda Ählumumy Jarnama kabul edildi. Jarnama Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda ähli döwletleriň we halklaryň berjaý edilmeli ýörelgeleriniň resminamasy hökmünde kabul edildi. Adam hukuklarynyň berjaý edilmegi boýunça ara alnyp maslahatlaşylýan halkara derejedäki konwensiýalar ýaly birnäçe resmi çäreler BMG-niň wekilleri we şertnama gol çeken döwletler tarapyndan gurnalýar. Bu taryhy günde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny düşündirýän okuw seminarlary geçirilýär. Bu taryhy gün şu güne çenli adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň zerurlygynyň ähmiýetini ýitirmän gelýär.
“Adamyň hukuklarynyň ählumumy Jarnamasy” girişden, 30 maddadan ybaratdyr. Resminamanyň asyl nusgasy iňlis dilinde çap edilip, Pale de Şaýo köşgünde saklanýar. Häzirki wagtda Jarnama 500-den gowrak dile terjime edilip, dünýäde iň köp terjime edilýän resminama hasaplanýar. Eleonora Ruzweltiň, Jon Hamfriniň, Rene Kasseniň, Çan Pen Çunyň, Şarl Maligiň gatnaşmagynda taýýarlanan Jarnama ilkinji gezek, ähli adamlar üçin deň hukuklary we azatlyklary bir resminamada kesgitläpdir. Eleonora Ruzwelt Jarnamany bütin adamzat üçin “Erkinligiň beýik hartiýasy” diýip atlandyrypdyr. 1948-nji ýylyň 14-nji dekabrynda “Adamyň hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyna” bagyşlanan ilkinji makala ýazylypdyr. Makalanyň ýazary Rene Kassendir. 1944-nji ýyldan bäri Fransiýada gündelik neşir edilýän “Mond” atly gazetde Rene Kassen Jarnamanyň esasy ýörelgelerini beýan edipdir.
Jarnamada adam durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan, ähli döwletler tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmany hasaplanýan kadalar beýan edilipdir. Jarnamanyň 1-nji maddasy ähli adamlar tarapyndan “Altyn kada” hökmünde ykrar edilen şu sözlemler bilen başlanýar: “Ähli adamlar mertebe we hukuklar babatda azat we deň bolup dogulýar”. 2-nji maddada adamyň jynsy, derisiniň reňki, aýal-erkekligi, dili, dini, syýasy ýa beýleki ynamlary, milli ýa-da jemgyýetiň belli bir gatlagyna degişliligi, emläk gelip çykyşy we beýleki ýagdaýlar ýaly haýsydyr bir tapawutlyklara garamazdan, deň hukuklara we azatlyklara eýedikleri barada nygtalýar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyñ talyby Gurbanowa Aýşat