Asudalygyň we agzybirligiň, jebisligiň we ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň we sagdynlygyň ýurduna öwrülen Türkmenistany bu gün dünýä ykrar edýär. Halkymyzyň asyrlaryň çuňluklaryna kök uran taryhynyň sahypalaryna ser salsaň, olaryň umumadamzat medeniýetine goşant goşandyklaryna göz ýetirýärsiň. Üstünden ençeme asyrlar aşan taryhy, medeni gymmatlyklarymyz hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyza äşgär edildi. Şol gymmatlyklaryň many-mazmunyna, taryhy ähmiýetine bolsa, bu gün bütin dünýä haýran.
Türkmen gelin-gyzlarynyň el hünärleriniň önümi bolan haly sungaty gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Döwürleriň synagyndan geçen we gözellik nusgasy hökmünde ykrar edilen bu sungat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly belentlige göterildi. Häzirki wagtda halkymyzyň haly sungatyna bolan hormaty, halylaryň sarpasy has-da artdy. Häzirki wagtda haly önümçiligini ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berilýär, gadymy hem döwrebap nusgalar, dokma önümlerinden bolan muzeý gymmatlyklary aýalyp saklanylýar. Bu sungaty geljekki nesillere ýetirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Ilkibaşda öýi bezemek üçin dokalan halylar häzirki wagtda gelin-gyzlarymyz tarapyndan haly portretler, elde göterilýän haly torbalar, sowgatlyklar görnüşinde hem dokalýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynda we Tugrasynda haly gölleriniň şekillendirilmegi, halyçy gelin-gyzlarymyzyň döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy, hormatly atlara, baýraklara mynasyp bolmaklary, döwlet derejesinde Türkmen halysynyň baýramynyň bellenilmegi halkymyzyň halyçylyk sungatyna we ezber halyçylara goýýan sarpasyndan nyşandyr.
Bu günki gün milli buýsançlarymyzyň birine öwrülen türkmen halylarynyň gözelligi dünýä jemgyýetçiliginiň hem üns merkezinde. ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen milli haly sungaty halkara ykrarnama eýe boldy. Nepis halylarymyza, dokma önümleriniň ajaýyp nusgalaryna geçmişde-de uly üns berlipdir. Olar barada gymmatly pikirler galdyrylypdyr. Ýazuw çeşmelerinde türkmen halylarynyň gözelligi, dokalyşynyň täsinligi we nagyşlarynyň özboluşlylygy hakda ýazylypdyr. Türkmen halysy barada XIII asyrda ýaşan italýan syýahatçysy Marko Polo şeýle ýazypdyr: «Bu ýerde, iň nepis we owadan halylar dokalýar, şonuň ýaly-da bijaý gowy gymmatbaha gyzyl we başga reňkli matalar, başga-da köp zatlar öndürilýär». Diňe şu ýazgynyň özi türkmen halysynyň daşary ýurtlarda uly meşhurlyga eýe bolandygyny subut edýär.
Gahryman Arkadagymyz «Arşyň nepisligi» atly kitabynda: «Men halkymyzyň sungatynyň beýikligi bolan halylarymyzy synlanymda, şular dogrusynda oýlanýaryn. Belkem, ömrüň tutuş eýýamlaryň ykbalyna gatyşyp, has manyly, çuňňur bolmagy üçin şeýle ajaýyp, täsin türkmen halylary dörändir diýen pikir bada-bat kalbyma dolýar» diýip, ýazýar. Türkmen halysy türkmeniň medeni taryhynyň ýazgysydyr. Çünki onda tebigy reňk sazlaşygy, nagyşlaryň çuň manylary aňlatmagy we milli häsiýetde bolmagy ýaly aýratynlyklar bar. Iň esasy zat bolsa, erişdir argajyň ýüňüň ýörite görnüşlerinden saýlanylyp alnyp egrilmegidir. Şulardan görnüşi ýaly, reňkde, ýüplükde we nagyşda tebigylygyň jemlenmegi türkmen halysyny has ajaýyp görkezýär.
Goý, milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda bimöçber işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ uly mugallymy Yslamberdi Tyllanurow