Aýazly gyş gijesi. Galyň ýagan gar oýy-beýigi tekizlär. Alaňlaryň yk tarapy gara bürener. Gyrymsy ot-çöpler garyň aşagynda galansoň, çopan sürini kaşardan çykarman, köne ýandak küdesiniň daşyna aýlar. “Ýandak könelse bede bor, ot könelse, pide bor” diýleni-dä, daşy gara bolsa-da, içi göm-gök küde mallara hezil berýär. Gündiz eräňkirlän garyň ýüzi gije ýukajyk buz-gyrpak tutup, sürini örä çykarsaň mallaryň köpüsi aýagy gara çümüp, buz-gyrpak sypjyrdyp ýaraty bolýar. Şonuň üçin çölde çopanlar galyň garyň gyrpagy ereýänçä sürini örä çykarmaýar.
Ýöne şeýle aýazly gyşda çöl haýwanlary gaty kösenýär. Towşanlar taýak atym ýerde ýüzüňe naýynjar bakyp oturyberýär. Injigini ýaralan keýiklerem assa-ýuwaş basyp, “Göni gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok” diýdirip, özlerini gös-göni goýun sürüsine urýarlar. Näçe awlasaň awlap oturmaly ejiz keýikler. Ýöne çopan halky ejize ganym bolmaýar. Gaýta keýikleri ürküzmejek bolup tä gar ýumşaýança, aýrylýança keýikleri görmediksirän bolar. Gar ýaganda gary görmek bir myrat. Gar eränsoň ýeri görmek bir myrat. Maýylgançylyga ýetilensoň myhman keýikleriň özi gelşi ýaly ýitirim bolýarlar. Ine şeýle ejizlän jandarlary awlamaýanlary üçin “Awçy awy mert bolar” diýen halk aýtgysy galan bolsa gerek.

Humaý Ataýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.