Mukaddes Garaşsyzlygynyň ýyllary içinde paýtagtymyzda we sebitlerde möhüm ähmiýetli desgalaryň encemesiniň gurulmagy we gurulmagyna badalga berilmesi bizi buýsandyrýar. Çünki gurluşyk bilen bagly zatlar halk bähbitli desgalar halkyň gelejekki durumşyň ugurlaryny has- da ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär.Şol desgalaryň daş- töweregini abadanlaşdyrmak hem-de onuň gözelligine ýaşyl bossanlaryň gözellik goşmasy bolsa, bu günki gün bizi diýseň buýsandyrýar. Şolaryň hatarynda mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň täze döwrebap binalary, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, seýilgähler we seýilbaglar, beýleki köp sanly önümçilik hem-de durmuş-medeni maksatly desgalar bar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde açylan halk bähbitli binalar her gün adam üçin gerek bolan işlerde halky buýsandyrýar. Olaryň daş- töweregindäki dynç alyş ýerleriň hem ähli taraplaýyn ýaşyl baglar bilen gözelleşdirilmegi bolsa, biz hünärmenleriň ýürek buýsanjymyzy artdyrmak bilen bir hatarda öz paýtagtymyza bolan söýgini has-da joşdurýar.Häzirki döwürde has gerimi giňeýän bu işler Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň, Hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýar.Ýurt Garaşszylygy köp derejede raýatlaryň durmuşyny gowylyga tarap ýönlendirdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynda gazanylan üstünlikler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bagy- bossan Aşgabat bu günki gün Garaşsyzlygyň beren miwesi bolup, çar bagly Çandybili ýada salýar. Onuň göm- gök keşbini öz taryhy bilen müňýyllyklaryň çuňlugyna aralaşýan Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň döredilmegine bilen bagly baýramlar her ýylyň maý aýynyň ahyrynda bellenilip geçilýär. Bossan Aşgabadyň gök guşakly keşbi-de bossana bürenen seýilgähleridir, daşyndan seretseň uly bir ýaşyl çemeni ýada salmasy-da bu günki gün Türkmen topragynda müňýyllyklardan owal häkimlik süren patyşalyklary, beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän uly söwda nokatlary, kerwensaraýlary bolandygyny subut edýän esasy nokatlar onuň gapdallaryndaky,Köpetdag eteklerindäki ýerelere degişlidiniň subutnamasydyr.Bagy- bossanly Aşgabat – ýönekeý bir şäher bolman, eýsem bu şäher gadymy siwilizasiýalaryň galyndylarynyň gapdalynda ýerleşýän, ösen medeni merkezler hem- de ykdysady we ylym ýolunda gurlan beýik medeniýete degişli nokatlaryň jemlenmesidigini bu gün subut edýär.Şol bir wagtyň özünde howasy dag howasy bilen bäsleşýän, göm- gök keşbinde müň guşlar saýraýan , baharyň gözel keşbine çümen Aşgabady görmäge göz gerek. Aşgabadyň taryhyny düzýän medeniýetler onuň eteklerinde ýerleşip, şu günki gün günümizde onuň özüne çekiji bir toprak bolmasynyň asyl mazmuny şundan ybaratdyr.Hut taryhy eýýämlerde hem onuň çar baga bürenlesinde dag howalarynyň täsiriniň bolandygy bellenilýär.
Paýtagt- Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Nusaý galasy Aşgabadyň birnäçe asyrlar öň paýtagt bolmagyna täsirini ýetiren ilkinji nokatlaryň biridir.Nusaý galasynyň dag howasynyň eteginde üzümçilikleriniň hem-de agaçlyklarynyň ýerleşdirlen keşbi barada tapylan maglumatlarda hem biziň paýtagtymyz hiç bir zaman bagsyz – bakjasyz bolmandygyny alamatlandyrýar. Nusaý galasy-biziň eramyzdan öňki 4 -nji ,2-nji asyrlara degişli bolup,käbir taryhy maglumatlara görä, onuň Nisa- Nusaý ady – arisleriň ýaşan ýeri, ýagny ýerliler manyda berilýändigini taryhy maglumatlar subut edýär. Nusaý galasy ilki başda birnäçe asyrlaryň dowamynda selewkidleriň häkimliginde bolup,soňra Arsak hem- de Tiridit –iki doganyň häkimligine geçýär. Şol döwürde- de Nusaý paýtagt bolýar.Bu ýerde ýüzýyllaryň dowamynda Arsakidleriň dinastiýasy höküm sürendigi taryhy maglumatlarda mälimdir. Nusaý galasynyň gadymy taryhy ýazgylarda galmasy Aşgabadyň gadymy taryhynyň bu günki gün ýönekeý bir taryh däl- de öz köküni asyrlaryň jümmüşine urup duran kökli bir şäherdigini subut edýär.Aşgabat şäherimizden 18 km uzaklykda ýerleşýän Nusaý galasy Biziň eramyzdan öň 2 nji 1 nji müňýyllyga degişli bolup, “Mitridatyň gurduran” galasy diýip atlandyrylmak bilen,Parfiýa şalygynyň merkezi bolupdyr.Nusaý galasy Köpetdagyň eteginde ýerleşip, ol häzirki döwürde 6000 ýyllyk taryhy özünde jemleýär.Mundan başga-da çar bagly ýerleri bilen özüniň gözelligine haýran galdyrýan Aşgabat iň iri bagly- bakjaly medeni ojaklaryň biri hökmünde Orta Azaiýada hem-de dünýäde bellidir. “Oguz han” suw çüwdürimler toplumy, Bitaraplyk binasy, “Älem” medeni dynç alyş merkezi, “Ylham” alleýasy,“Olimpiýa” şäherçesibularyň ählisi-de häzirki döwürde öz töweregindäki bagy- bossanlar bilen geň galdyryjy bir baglanşygy düzýär.Aşgabadyň töwereginde ýerleşýän Nusaý, Ak depe, Änew ýadygärlikleri bu gözel territoriýany özünde saklaýan beýik siwilizasiýanyň ýaňyny getirýän şäherdir. Bu topraklarda ynsanlaryň medeniýete, sungata, ylma,sporta hem- de beýleki ösüşlere uly sarpa goýandygyny subut edýän desgalaryň hem birnäçesi bar.Ak şäher Aşgabat Garaşsyzlyk ýyllarynda öňküsinden has owadanlandy. Gözel görnüşe geldi. Bu bolsa biziň paýtagtymyzy ösdürmekde we bagy- bossanlyga ösdürmekde Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen amala aşyrylýan möhüm ähmiýetli işlerdir. Şeýle ajaýyp günlerde tiz wagtda bagy- bossanly şäherimiziň gününiň bellenilmegi bolsa, biziň buýsanjymyzy öňküsinden hem artdyrýar.

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ rus dili we edebiýaty fakultetiniñ 214-nji toparynyñ talyby Haştekowa Annagül