Wepaly dost bir ýyl görmesede, ýat bolmaz.

Biwepa dost bir gün görmese, ýat bolar. 

* Ylymsyz bir ýaşar, ylymlymüñ.

* Yagşa bir söz besdir, ýamana müñ söz hebesdir. 

* Yagşy ata bir gamçy, ýaman ata müñ.

* Yagşy aýal birini iki eder.

* Yagşy ýaryñ gadyry bolmaz, bir ýamanaduşmagynçañ.

* Yagşy ýigide bir mürewwet ýagşydyr.

* Yagşylyk birinde gaýtmasa, birinde gaýdar.

* Yagy içinde-de bir öýüñ bolsun.

* Yalançy töre bir geçer iki geçmez.

* Yaman bolsa ogluñ ülpeti, bir gün başa salar külpeti.

* Yamana aýtsañ syryñy, müñe ýetir biriñi.

* Yamanyñ ýakasy ýyrtyk, bir gylygy hemmeden artyk.

* Yaşlyk bir mertebe geler, çagalyk iki mertebe.

* Yaz güni bir palaw, gyş güni bir alaw.

* Yedi goçuñ biri gara.

* Yedi gülmekbir doýmak.

* Yedi ölçäp, bir kes.

* Yedi ýeññe bir enäniñ ornuny tutmaz.

* Yediniñ biri ýesir.

* Yere gulluk eden bir ýyldan baý bolar, mala gullukedenýedi ýyldan.

   Gözel ALTYBAÝEWA ,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.