Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemi türkmen we dünýä edebiýatynyň çuňňur mana eýe bolan ylham çeşmesidir. Bu çeşme öz gözbaşyny Oguzhandan, Gorkut atadan, Görogly begden esasanam öz kyblasy Döwletmämmet Azadydan alyp gaýdýar. Ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesinden ugur alýan akyldarymyz ahlak kadalarymyzyň iň ýokary nusgalaryny özüniň eserlerinde beýan edýär. Terbiýe we terbiýeçilik işi, ahlak kadalary her bir jemgyýetiň durmuşynda esasy orun tutýar. Gahryman Arkadagymyz “Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr” diýip dogry belleýär.
Parasatly ata-babalarymyzyň edep-terbiýe, däp-dessur, ahlak, edim-gylymlar babatynda bahasyna ýetip bolmajak mirasy akyldar şahyrymyzyň döredijiliginiň özenidir. Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry bolman Gündogar edebiýatynyň aryfy, akyldary, söz ussadydyr. Şol sebäpli Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde dünýäniň dört künjeginden bolan ynsanlar nusga alýarlar. Her bir jemgyýetde ata-eneler öz perzendiniň edepli-ekramly, terbiýeli, kämil ahlakly, ile-güne, watana peýda getirjek adam bolup ýetişmegi ugrunda hemişe aladalanýarlar. Jemgyýetde maşgalanyň tertip –düzgün kadalary ýola goýulan ýagdaýynda çaga şol kadalar esasynda göreldeli we kämil ahlakly bolup ýetişýär. Akyldar şahyrymyzyň “Görüň” goşgysynda şeýle setirler getirilýär:
Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz,
Märekede otur-turuşyn görüň!
Bu setirlerde nusgawy edebiýatymyzyň söz ussady her bir şahsyýetiň edep- ekramynyň, ahlagynyň özeni maşgalanyň çaga berýän terbiýesinden gelip çykýanlygyny nygtaýar. Halal zähmet çekýän halal, halal ýaşaýan, ile-güne, ata-watana wepaly, ejize hemaýat berýän, wagty tygşytly we peýdaly işlere sarp edýän kämil şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmek ata-enäniň borjydyr. Ata-ene maşgalada halal ýörelgäni ýola goýsa, perzent şol ýörelgä eýerip kämil adam bolup ýetişer. Magtymguly Pyragy oňat gylyk-häsiýetleri adamyň syratynyň we içki dünýäsiniň bezegi hasaplapdyr. Şeýle gylyk-häsiýete eýe bolan nesiliň ene-atanyň öňünde borçlylygyny hem nygtaýar.
Ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän “Ata razy- Hudaý raz, ene razy Pygamber razy” diýen parasatly nakyla eýerip her bir perzendiň ata-enesiniň razylygyny gazanmagyň wajyplygyny belläp geçmegimiz zerurdyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň wesýet eden bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynasy halkyň taryhyny öwrenmekde, watansöýüjilik, edep-terbiýe, ylma-bilime söýgini döretmekde uly ähmiýete eýedir, çünki Magtymguly Pyragynyň döredijiligi edep-terbiýe mekdebidir. Pähim-paýhasa ýugrulan ol mekdep ýaş nesle baky ýol görkeziji bolup hyzmat eder.