Tebigat bilen adamzadyň arasyndaky aragatnaşyk edil älem-jahan ýaly örän gadymydyr. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda tebigata sarpa goýmak, onuň baýlyklaryny aýawly saklamak, paýhasly ulanmaklygy nesilden-nesle geçip gelipdir.
Gözel ülkämiziň tebigaty diýseň baýdyr. Haýwanlary we ösümlikleri gorap saklamak, ylmy taýdan düýpli öwrenmek, olaryň sanyny artdyrmak, gözel tebigatly ýerleri aýawly saklamak maksadyna eýerip döwlet goraghanalary döredilendir.
Köpetdagyň goýnunda ençeme ajaýyp ýerler bar. Dag gerişleri, kert kenarly çeşme-çaýlarynyň we geň galdyrýan dereleriň hem-de belent daglaryň arasyndaky tekiz belentlikleriň gapma-garşylygy haýrana goýýar. Ýöne tebigat söýüjileri özüne çekýän pursat diňe bir geçmişdäki durmuşyň daşa dönen yzlary däl. Bu ýerde hakyky tebigy ýadygärlikler – düýbünden düzlüklere tarap akýan Altyýap, Sekizýap ýaly dag çeşmeli gözel jülgeler bar.
Germap, hakykatdan hem Köpetdag jülgeleriniň we geçitleriniň arasynda ýerleşen ajaýyp ýer. Bu ýerde kiçijik aýlagy emele getirýän bulaklar sekiz ýerden çogup çykýar. Çeşme-çaýyň birneme giň we çuň ýerleri bar. Suw bar ýerinde ýaşaýyş bar. Hatda şu gyşa golaýlap gelýän, güýz günlerinde hem jülge gök öwüsýär. Ýaz paslynda, miweli agaçlar gülläp, töwerek gülälekdir çigildeme örtülende, bu ýeriniň gözelligi islendik suratkeşiň ylhamyny joşdurar.
Tereň dag çeşmesi dereden çykyp, kert gaýalary onlarça metre galýan jülgä tarap ýol ýasaýar. Jülge bolsa kä ýerde daralyp, ýabany haýwanlaryň şekillerine meňzeýän geň gaýaly hakyky derýa hanasyna öwrülýär.
Tebigata bolan söýgi Watana bolan söýgi duýgusyny kemala getirýär. Ýaş nesillerimiziň hem şoňa biziň bilen deň hatarda düşünmegi zerur. Hemme adamzat üçin mährem, zerur bolan „tebigat” atly umumy öýümiziň arassalygy, gözelligi, hezilligi, ýakymlylygy, täsinligi özümize, talabalaýyk terbiýe alan nesillerimize baglydyr.
Muhamedow Diýar
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 108-nji toparynyň talyby

RU



