Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ekologiýa meselesine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns berilýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzda ekologiki bilime ýaş nesilde ekologiki terbiýäni kemala getirmekligiň baş şerti hökmünde garalýar.
Ekologiki bilim BMG-nyň işiniň esasy gurluşyny düzmek bilen, 1968-nji ýylda Parižde ÝUNESKO-nyň umumydöwlet maslahatynda daşky gurşawyň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak baradaky meselä seretmek bilen „Adam we biosfera― diýen meýilnamany kabul etdi. Bu meýilnamada ilkinji gezek ekologiki bilimiň umumy adamzadyň häsiýetine täsiri baradaky meselelere seredildi. 1977-nji ýylda Tbiliside „Daşky gurşawy goramak― meseleleri barada maslaht geçirilip, ekologiki terbiýäni kämilleşdirmegiň ýollary işlenip düzüldi. Soňra ekologiki terbiýäni kämilleşdirmek meseleleri 1982-1987-nji ýyllarda Moskwada, 1992-nji ýylda Rio-de Žaneýroda geçirilen maslahatlarda kämilleşdirildi. Ekologiki terbiýe meselesini çözmekde esasy orun mekdebe çenli çagalar edaralarynyň we mekdepleriň ekologiki bilim okuw maksatnamalaryna degişlidir.
Ekologiki terbiýede, daşky gurşawa bolan aýawly garaýyşlar, tebigatda özüňi alyp barmagyň ýokary medeniýeti ýaly duýgular göz öňünde tutulýar.
Mekdepde okadylýan biologiýa, geografiýa, şonuň ýalyda beýleki dersler ösüp gelýän ýaş nesilde daşky gurşaw, tebigat gözellikleri baradaky düşünjeleri kemala getirýär. Mekdepde geografiýa, biologiýa, tebigaty öwreniş sapaklarynda: „Ösümlik we haýwanat dünýäsi”, „Ösümlikleri, haýwanlary gorap saklamak” diýen temalarda ýaş nesillere ilki başlangyç ekologiki düşünjeler berilýär. Bu temalaryň üsti bilen ýaşlar adamyň, haýwanlaryň ösümlikleriň arasyndaky tebigat bilen arabaglanyşygyna göz ýetirýärler. Şonuň ýaly-da, ýaşlar ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligi, olara adamyň işjeňliginiň täsiri baradaky düşünjeleri ele alýarlar. Başlangyç synplarda ekologiki düşünjeler körpejelerde okuw, zähmet, aýdym, surat sapaklarynyň üsti bilen kämilleşdirilýär.
Körpeje nesillere ösümlikler, haýwanlar barada aýdymlary aýtdyrmak, tebigat gözellikleriň suratlaryny çekdirmek, tebigat baradaky goşgulary ýatlatdyrmak bilen, olarda ekologiki dünýägaraýşy terbiýeläp bolýar. Bulardan başga-da zähmet sapaklarynda ösümliklere, haýwanlara ideg etdirmek, janly burçdaky haýwanlary iýmitlendirtmek, dürli guş höwürtgelerini ýasatdyrmak ýaly zähmet işleriniň üsti bilen olarda ösümliklere we haýwanlara söýgini terbiýeläp bolýar.

Aşyrow Resulbek
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.