Türkmenistan häzirki zamanyň möhüm ekologiýa meselelerini çözmekde, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, şonuň bilen birlikde-de, içerki mümkinçiliklerden peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmakda ähmiýeti uly bolan taslamalara, maksatnamalara aýratyn üns berýär. Bu babatda ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde kabul edilen 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşandygyny bellemek ähmiýetlidir. Olarda howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyna zeper ýetirilmegi, çölleşmek howpy, agyz suwunyň ýetmezçiligi, ösümlikleriň, haýwanlaryň biodürlüliginiň kemelmegi we beýleki ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça wezipeler göz öňünde tutulýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitabynda: «Taryhyň jümmüşinde howanyň jöwzaly yssy we ygalyň ujypsyz düşüp, örän gurak bolýan şertlerde ýaşan türkmenler suwa dirilik çeşmesi, tebigatyň aýratyn gudraty hökmünde garap, ony bolçulygyň we abadan ýaşaýşyň gözbaşy hasaplapdyrlar, onuň her damjasyny altyna barabar saýypdyrlar» diýip belleýşi ýaly, halkymyz üçin gadyr-gymmatly suwuň getirilmegi bilen, bu ýerleriň tebigatynyň özgerýändigini şu mysalyň özi hem aýdyň subut edýär.

Arkadagly Serdarymyz çykyşlarynyň birinde: «Önümçilige häzirki zaman suw tygşytlaýjy tehnologiýalar hemişelik esasda ornaşdyrylar we suwarmagyň ozal ulanylan usullary kämilleşdiriler» diýip bellemek bilen, bu babatda öňde has-da uly wezipeleriň durandygyny nygtaýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiliginiň daşky gurşawy goramaga, tebigata aýawly çemeleşmegiň wezipelerini öz wagtynda, bilelikde çözmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň goşulmagy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň umumy ykrar edilen kadalaryny durmuşa ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ekologiýa kanunçylygynyň esasy binýady Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen 2014-nji ýylda kabul edilen «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bolup durýar. Onda Türkmenistanyň ekologiýa kanunçylygynyň kämilleşdirilmeginde uly ähmiýeti bolan ýörelgeler anyk kesgitlenilýär. Onuň bilen baglanyşyklylykda taýýarlanylan we kabul edilen «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» we beýleki Kanunlar bu babatda uly ähmiýete eýedir. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň BMG-niň Ösüş gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy ýaly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ekologiýa meselelerinde möhüm goldawy üpjün edýär.

Ýurdumyzda şeýle düýpli esaslara daýanmak bilen, ekologiýany gowulandyrmak ugrunda amala aşyrylýan işlere häzirki döwürde ähli pudaklarda-da aýratyn üns berilýär. Oňa energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinden peýdalanmak, ýagny «ýaşyl ykdysadyýete» geçmek, önümçiligiň galyndysyz amala aşyrylmagyny üpjün etmek, ilatyň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri mysal getirmek bolar. Bu aladalaryň ählisi ata Watanymyzyň tebigatynyň gözel, ekologiýasynyň arassa bolmagyna gönükdirilýär.

Kalamow Nurmyrat

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 121-nji toparynyň talyby