Türkmen halkynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyragy gündogar edebiýatynda hem özüniň ajaýyp döredijiligi bilen öçmejek yz galdyrmagy başarýar. Beýik şahyryň şygryýet dünýäsinde türkmen halkynyň durmuşy öz aýdyň beýanyny tapypdyr. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary durmuşda dogry ýoly salgy berýän özboluşly ýolýörelgedir. Ol öz döredijilik işine ýaşlykdan başlapdyr. Goşgy düzmekde köp zady kakasy bolan Döwletmämmet Azadydan öwrenipdir. Magtymguly goşgularyny köpçüligiň üýşen ýerinde, toý-meýlisler okap berip, adamlary gahrymançylyga, ar-namysly, hüşgär bolmaklyga çagyrypdyr. Gynansakda şahryň öz golýazmalary bize gelip ýetmändir. Magtymguly köp şygyrlaryny Pyragy lakamy bilen düzüpdir. Onuň döredijiligi XVIII asyr türkmen durmuşyny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Magtymguly şygyrlary, esasan, watançylyk, gahrymançylyk, öwüt-nesihat, sotsial-deňsizlik, yşky-liriki, dostluk barada gumanistik ideýalarda ýazypdyr.

Şahyryň öz döredijiliginde adamlarda oňat häsiýetleri terbiýelemek we olara öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlar düzüpdir. Bu temadan Magtymguly “Janyna degmez”, “Durasyň geler”, “Ýör biläni”, “Il ýagşy”, “Zor bolar”, “Bolar sen”, “Aýrylma” ýaly onlarça şygyr ýazypdyr. Şahyr bu goşgularynda döwürdeşlerine asylly terbiýe bermek, olaryň mert, ar-namysly bolmaklaryny nesihat edip, binamys, namartlary ýaňsa alypdyr.

Magtymguly dagynyk ýaşan türkmen taýpalaryny birleşdirip bütewi bir döwlet döretmek isläpdir. Bu ideýa şahyryň “Türkmeniň”, “Döker bolduk ýaşymyz”, “Türkmen binasy” ýaly şygyrlarynda öz beýanany tapýar.

Akyldar şahyr dostluk, söýgi temasyndan hem birtopar goşgy ýazypdyr. Bu temadan onuň «Gözel sen», «Gülzardan aýryldym», «Uýat eýleýir», «Bu derdi», «Boýlaryňa», «Durasyň geler» ýaly ençeme goşgulary bar. Magtymguly yşky-liriki temada ýazan goşgularynda öz söýgülisi Meňli bilen baglanyşykly düzüpdir.

Magtymguly öz döwürdeşlerine we özünden soňky ýetişen şahyrlaryň döredijiligine uly täsir edipdir. Bu täsir, ylaýta-da Zeliliniň, serkerde şahyr Seýdiniň, Keminäniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň döredijiliginde görünýär. Magtymguly şahyry garagalpaklaryň beýik şahyry Berdimyrat Berdak (1827-1900) hem halypasy hasaplapdyr. Ol bu barada «Yzlardym men» diýen şygrynda şeýle ýazýar:

Magtymgulyny men okap,

Sözlerini etdim togap.

Kemi barmy beriň jogap?

Şol şahyry yzlardym men.

Magtymguly pyragy Atasary diýilýän çeşmäniň boýunda, Soňudagyň ýanynda aradan çykýar. Ony kakasynyň ýanynda “Garry molla” gonamçylygynda jaýlapdyrlar.

AHMEDOWA Sewara,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Halypa mugallymy: Mälikow Myrat