Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan güneşli diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Kitap adamzadyň köňül, nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerinde ýol salyp bilýär» diyip belleýär. Gahryman Arkadagymyz ömrüniň manyly menzilleri, durmuş ýoly baradaky ýatlamalary, pikir-garaýyşlary özünde jemleýän “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň dowamy bolan “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitaby türkmen halkyna peşgeş berdi. Onda ata-babalarymyzyň beýik işleri, edep-terbiýe, ruhy gymmatlyklar, mukaddes Garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz, türkmen topragynyň gülläp ösüşleri hakynda söz açylýar we taryhyň, şu günüň, geljegiň özara baglanyşygy barada çuňňur oýlanmalar beýan edilýär.
Bu ajaýyp eserde ata-babalarymyzyň beýik işleri, edep-terbiýe, ruhy gymmatlyklar, mukaddes Garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz, türkmen topragynyň gülläp ösüşleri hakynda söz açylýar şeýle-de taryhyň, şu günüň, geljegiň özara baglanyşygy barada çuňňur oýlanmalar beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz her bir eserinde beýik alymlaryň we filosoflaryň pähimlerini mysal getirýär. Çuňňur many-mazmuna ýugrulan täze eseriň bütin dowamynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik äheňli, çuňňur mazmunly goşgularyndan tymsallaryň getirilmegi bu iki şahsyýetiň paýhas ummanynyň, dünýägaraýşynyň, aňyýet kämilliginiň täsinligini görmek bolýar. Bu ajaýyp eserdäki «Hakydada orun alan pursatlar» atly bölümde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny berkitmek, döwrebap lukmançylyk-şypahana hyzmatlaryny ýola goýmak, çagalaryň sagdyn ösüşini üpjün etmek, ýaşlary ählitaraplaýyn goldamak ýaly möhüm işleri durmuşa geçirmek boýunça gazanylan guwandyryjy netijeler beýan edilýär. Hususan-da, bu bölümde Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi barada giňişleýin gürrüň edilýär. Bu pikirler gaznanyň adynda bar bolan «sahawat», «ýagşylyk» ýaly düşünjeleriň mazmuny esasynda açylyp görkezilýär. Täze neşiriň aýry-aýry bölümleri daşary ýurtlar hem-de görnükli syýasatçylar bilen dostlukly gatnaşyklaryň taryhyna bagyşlanypdyr. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklardaky çözgütleri, ilkinji nobatda, dost-doganlyk ýörelgesine esaslanýar. Şunuň esasynda bolsa ýurdumyz dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen köptaraply hyzmatdaşlygy, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine daýanýan hoşniýetli goňşuçylygy barha pugtalandyrýar, özara bähbitli, ösüşiň uzak möhletleýin maksatlaryndan gelip çykýan dostlukly gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu ýörelgeler Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda has-da berkedi. Kitabyň soňky bölüminde Arkadagymyzyň: “Meniň tutuş ömrümiň manysy, bu il-halkymdyr, adamlaryň parahat, agzybir durmuşydyr, olaryň jan saglygydyr” diýip belläp geçen jümleleri ýene bir ýola halkymyz üçin edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydyr. Jandan eziz görýän halkyny baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
EÝEBERDIÝEWA Dursun
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty.

RU



