Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmeniň buýsanjy, Döwlet Tugramyzda orun alan ahalteke bedewleriň şan-şöhraty dünýä ýaň salýar. Hemmämize mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň milli mirasynyň medeni gymmatlyklaryň biri, bolan bedewlerimiz Ýunesko-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna, ýagny “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” hökmünde girizilmegi gadymdan gelýän türkmen zergärçilik sungatynyň ýene bir ýola ähmiýetini rowaçlandyrdy we şonuň bilen birlikde türkmen zergärlerimizi täze döredijilik gözleglere ruhlandyrdy.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda gözelligi bilen dünýäniň çar künjeginde meşhurlygy gazanan bedewlerimize bagyşlanyp ajaýyp sergi ýaýbaňlandyryldy.
Baýramçylyk serginiň çäginde görkezilen türkmen zergärçilik sungatynyň ajaýyp görnüşlerinden köpdürliligi we nepisligi bilen tapawutlanýan at şaý-sepleri çeper aýratynlygy bilen diýseň özboluşlydyr. At şaý-sep toplumyna girýän maňlaýlyk, gözlük, boýunlyk, göwüsbent hem-de uýan ýaly ussatlarça ýasalan zergärçilik şaý-sepleri diňe bezeg ornunda bolman, eýsem bedewleriň gözden-dilden goraýjy hökmünde hem hyzmat edip, atlarymyzyň buýsançly keşbini dabaralandyrýar. At şaý-seplere bütewilik, görnüşleriniň owadandan gelen ýönekeýligi, çyzyklaryň we nagyşlaryň nepisligi mahsusdyr.
Dünýä atşynaslygynyň göwher gaşy bolup ýalkym saçýan ahalteke bedewlerine bagyşlanyp döredilen at şaý-sepleri türkmen zergärleriniň esasy iş serişdesi kümüş çig malydyr. Kümüş şaý-sepleriniň kä ýerlerinde haşam bezeg bermek maksady bilen, altyn çaýylyp we ýarym gymmat bahaly daşlardan gaş oturdylyp, sünnälenip ýasalan şelpeler bilen bezelýär. Uz ýörişli bedewlere ussatlar gymmat bahaly şaý-sepleri gaýgyrmandyrlar, ähli şaý-sepler özüniň owadanlygy we takyklygy bilen tapawutlanyp, bedewleriň nurana we gözel syraty bilen ajaýyp görnüşde sazlaşyp ýerine ýetirilýär.
Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan etmek ugrunda döredijilik bäsleşiginiň her ýylda üstünlikli geçirilmegi türkmen suratkeşleri tarapyndan bedewleriň gözelligini wasp edýän ajaýyp sungat eseri döredýärler. Aýratyn hem zergärçilik şaý-sepler arkaly atlaryň ýyndam keşbi dürli haşamlanan çeper eserleriň üsti bilen şekillendirilýär.
Häzirki zaman zergärçilik sungatynda täze öwüşginler girizen halypa ussatlaryň hatarynda Şazada Orazbediýewiň “Bedew bady”, Arslanmyrat Sähedowyň “Milli at şaý-sep toplumy”, Çarymyrat Sähedowyň “Milli at şaý-sep toplumy”, ezber elli zenan zergärlerimiz Ogulgerek Myradowanyň “Rowaçlyk”, “Bedew”, Şirin Gylyjowanyň “Behişdi bedew”, Göwher Nuryýewanyň “At şaý-sep tolumy” we ýaş şägirtleriň Abraý Annaýewiň “Milli mirasym”, Kömekgeldi Orazdurdyýewiň “Bedew waspy”, Toýly Hudaýberdiýewiň “Behişdi bedewler” atly eserleri özboluşly çeper aýratynlygy bilen saýlanýar. Türkmen zergärleriniň döwrebap at şaý-sepleriň ajaýyp nusgalaryny döredip, häzirki günde gadymdan gelýän atlary bezemek däp-dessurlarynyň dowam edip geläýnligini tassyklaýar. At şaý-sepleri taýýarlamagyň usullary hem döwrebaplaşdyryldy, ulanylýan çig mallaryň görnüşleri köpeldi we kämilleşdi. Häzirki zaman tehniki enjamlaryň kömegi bilen at şaýlaryň ýasalyş usullary ýokarlandy, emma umumy görnüşi boýunça gadymdan däp bolup gelýän bezegi, şaýlary, gurluş we ulanyş aýratynlygy öňküligine üýtgewsiz galdy. Sebäbi ata-babalarymyzyň nesilden-nesle gelen bu inçe sungaty döwürdeş zergärlerimiz üçin, gaýtalanmajak nusga we beýik sungat mekdebidir.
Gözellikde, ýyndamlykda we wepadarlykda öçmejek yz goýan türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratyny dünýä ýaýmakda, bedewleriň gözelligine görk goşýan şaý-sepleri döretmekde, türkmen zergärlerimiziň döredijilik aýratynlyklaryny ýaýmakda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Halypa we ýaş zergär-suratkeşleri Türkmenistanda we daşary ýurtlarynda geçirilýän döwlet we halkara sergilerine işjeň gatnaşyp, özleriniň şaý-sep önümleriniň milli däplerini dowam etdirmegine, dünýä ýüzüne ýaýmagyna, geljekki nesillere ýetirmegine öz goşandyny goşýarlar.

Gurbanowa Aýjeren
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 122-nji toparynyň talyby