Magtymguly öz ýaşan döwründe türkmen tire-taýpalaryny agzybirlige çagyrypdyr, berkarar döwletiň gurulmagyny arzuw edipdir. Munuň şeýledigine şahyryň «Döker bolduk ýaşymyz», «Türkmen binasy», «Türkmeniň», «Islärin» ýaly ençeme ajaýyp goşgulary aýdyň güwä geçýär.
Özüniň ajaýyp kitabynda hormatly Prezidentimiziň: «Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň beýik şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň eserleri ähli döwürler üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdyr» diýşi ýaly, dana atamyzyň döredijiligi baýdyr, giňdir we gymmatlydyr. Onuň döredijilik dünýäsi aňyrsyna göz ýetmeýän asman, düýbüne aralaşyp bolmaýan umman ýalydyr. Akyldar şahyrymyzyň durmuş güllerinden boglan çemen mysaly goşgulary her bir adamyň kalp törüne ýag ýaly siňýär, durmuş ýollaryna şamçyrag bolýar. Şahyryň goşgulary halal zähmete ruhlandyryp, ýagty geljege çelgi bolýar. Olarda göwnüçökgünlige per bermeli däldigi, hemişe il-günüňe ýagşylyk edip, gowy arzuw-niýetde ýaşamalydygy baradaky ynsanperwer pikirler nygtalýar.
Häzirki döwürde halkymyzyň milli hem edebi gymmatlyklaryny içgin öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň şertler döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawy we ýardam etmegi netijesinde Magtymguly Pyragynyň döredijiligini hem çuňňur öwrenmäge, ony wagyz-nesihat etmäge uly mümkinçilikler döredildi. Gahryman Arkadagymyz beýik söz ussadynyň döredijiligine ýokary baha bermek bilen: «Magtymguly Pyragy ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň özünden öňki gazananlaryny akyl eleginden geçirip, dürdäne eserleri döretdi. Beýik şahyr türkmen şygryýetiniň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlady. Onuň umumadamzat medeni ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň danalyga pürepür şahyrana eserleri türkmen poeziýasyny dünýä tanatdy» diýip, örän jaýdar belleýär.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň parasatly setirleriniň, pähim-paýhasynyň dünýä jemgyýetçiligine ýetirilmegine giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!
Babanyýazowa Jennet
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 117-nji toparynyň talyby

RU



