Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz ýurdumyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmegi we il-halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrmagy baş maksat hökmünde kesgitlän hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan durmuş-ykdysady syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Durmuşa geçirilýän möhüm ähmiýetli wakalar tutuş dünýä ýüzünde uly at-abraýa eýe bolan Türkmenistan Watanymyzyň güýç-kuwwatyny has-da artdyrýar. Ýurdumyzda her ýyly mynasyp şygar bilen atlandyrmak ençeme ýyl bäri asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň 29-njy dekabr güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýylyň şygaryny “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip atlandyrmak boýunça Mejlisiň Kararyny makullady. Köňüllere öçmejek buýsanjy nagyşlan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň uly zähmet üstünlikleri, mähriban halkymyzyň ýeňişli gadamlary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyza belent menzilleri bagyş edýär. 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagynyň özünde-de çuňňur many-mazmun bar. Çünki bu ýylda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy uly ruhubelentlikde giňden baýram ediler

Magtymguly Pyragy XVIII asyrda ýaşan, türkmen klassyky edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan, türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr. Magtymguly örän parasatly, gepe çeper, märekesöýen adam bolupdyr. Ol özüniň gowy häsiýetleri bilen halka görelde görkezipdyr, akyl-paýhasy bilen köp adamlary terbiýeläpdir. Magtymguly döredijilik işine ýaşlykdan başlapdyr. Goşgy düzmekde köp zady kakasy Döwletmämmet Azadydan öwrenipdir. Magtymguly goşgularyny köpçüligiň üýşen ýerinde, toý-meýlislerde okap berip, adamlary gahrymançylyga, ar-namysly, hüşgär bolmaklyga çagyrypdyr. Onuň ylham çeşmesi halk we onuň güzerany bolupdyr.

Akyldar şahyr Magtymguly gelin-gyzlaryň akylly, pähimli edepli bolmaklaryny isläpdir, olaryň mertebesini ýokary tutupdyr. Bu onuň “Durasyň geler” diýen goşgusynda örän çeper berilýär:

Gözel bardyr gözellerden zyýada,

Onyň gullugynda durasyň geler,

Edepli-ekramly, mylaýymzada,

Tä ölünçäň bile ýöresiň geler.

KURTOWA Zöhre
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby