Bu gün Ak şäher Aşgabat özüniň gözelligi,Arhitektura ýadygärliklerniň, binalarynyň ak meremere bürenen keşbi bilen dünýäniň iň iri syýasy, medeni we ykdysady, parahatçylygy ýaýyjy merkezine öwrüldi. Çünki Aşgabadyň taryhy senenama boýunça döredilmeginiň ýyllygy mynasybetli ak şäherde toýlanýan toýlar şäheriň gözelligine görk goýar. Müňýyllyklaryň taryhynyň penjiresinden bu güne bakan Aşgabat- 143 ýyl ozal Paýtagt hökmünde ygaln edilen- de bolsa, onuň ýerleşýän territoriýasy hakyndaky subutnamalar onuň has gadymydygyny subut edýär. Munuň iň esasy sebäbi – de Aşgabadyň beýik ýüpek ýolunyň
üstünde ýerleşmesidir.Bu gün Aşgabat şöhratly taryhy başdan geçirip, iň owadan ak şähere- Aziýanyň merjeni adyny alan şähere öwrüldi. Öz taryhy bilen müňýyllyklaryň çuňlugyna aralaşýan Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň döredilmegine bu ýyl maý aýynyň 25- ne 143 ýyl bolýar. Aşgabadyň “Paýtagt” diýilip yglan edilmesine 143 ýyl bolsa- da Aşgabadyň asly ady örän gadymy taryhdan, Türkmen topragynda müňýyllyklardan owal häkimlik süren patyşalyklary, beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän uly söwda nokatlary, kerwensaraýlary bolandygyny subut edýän esasy nokatlar onuň gapdallaryndaky,Köpetdag eteklerindäki ýerelere degişlidir. Ýüpek ýolunyň bu ýerden geçmesi bolsa paýtagtyň ykdysady hem- de syýaýsy derejesini ölçeýär.Bu gün bolsa dünýä ýaň salýan Aşgabat “ak şäherimiziň 143 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralarydyr, sergiler dünýä ýaň salyp, halkara derejesine eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary bilen paýtgatymyzda “Pähim paýhas çyragy- Magtymguly Pyragy” ýylynda ak şäherimize şugla saçýan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk dabarasy mynasybetli açylan halkara seýilgähe dünýäniň çar künjünden gelen myhmanlar hem ak paýtagtymyzyň gözelligine haýran galdylar.
Änew medeniýeti biziň eramyzdan öň 3-nji 4 –nji müňýyllyklara degişli bolup, ol iň gadymy medeniýetlere , siwilizasiýalara degişli bolan şumer – türkmen baglarynda hem ýer alan toprak hökmünde öz gadymylygyny subut edýär. Aşgabadyň goýnunda ýerleşýän, ýagny Köpetdaga golaý ýerde ýerleşýän Ak – depe taryhy ýadygärligi biziň eramyzdan öň 4 –1- nji müňýyllyga degişli bolan Änew medeniýgetini öz içine alýar. Aşgabat – ýönekeý bir şäher bolman, eýsem bu şäher gadymy siwilizasiýalaryň galyndylarynyň gapdalynda ýerleşýän, ösen medeni merkezler hem- de ykdysady we ylym ýolunda gurlan beýik medeniýete degişli nokatlaryň jemlenmesidigini bu gün subut edýär. Munuň özi Aşgabadyň taryhynyň gadymylygyny , hat- da biziň eramyzdan öň 2-1 müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýandygyny ýüze çykarýar.Aşgabadyň adynyň antik bir köki öz içine almasy, onuň taryhynyň şöhratly,başynyň gökde, ýüreginiň toprakdadygyny subut edýär. Aşgabadyň taryhyny düzýän medeniýetler onuň eteklerinde
ýerleşip, şu günki gün günümizde onuň özüne çekiji bir toprak bolmasynyň asyl mazmuny şundan ybaratdyr. Nusaý galasy-biziň
eramyzdan öňki 4 -nji ,2-nji asyrlara degişli bolup,käbir taryhy maglumatlara görä, onuň Nisa- Nusaý ady – arisleriň ýaşan ýeri, ýagny ýerliler manyda berilýändigini taryhy maglumatlar subut edýär. Nusaý galasy ilki başda birnäçe asyrlaryň dowamynda selewkidleriň häkimliginde bolup,soňra Arsak hem- de Tiridit –iki doganyň häkimligine geçýär. Şol döwürde- de Nusaý paýtagt bolýar.Bu ýerde ýüzýyllaryň dowamynda Arsakidleriň dinastiýasy höküm sürendir.Aşgabadyň ilkinji adynyň çeşmelenýän ýeri- de Arsak, Arşak şasynyň ady bilen baglanşyklydyr. Aşgabat şäherimizden 18 km uzaklykda ýerleşýän Nusaý galasy Biziň
eramyzdan öň 2 nji 1 nji müňýyllyga degişli bolup, “Mitridatyň gurduran” galasy diýip atlandyrylmak bilen,Parfiýa şalygynyň merkezi bolupdyr. Nusaý galasy Köpetdagyň eteginde ýerleşip, ol häzirki döwürde 6000 ýyllyk taryhy özünde jemleýär.
Ol Parfiýa şalygyna degişlidir we Köne Nusaýdan tapylan medeniýet, sungat we ylym bilen baglanşykly resminamalar bu topraklarda uly bir döwletiň merkeziniň bolandygyny hat- da Aşgabadyň adynyň hem ilkinji nobatda Parfiýa şalygynyň bir wekili Arsak şanyň adyny alandygy barada taryhy çeşmelerde ýazgy bar. Nusaý galasyndan tapylan tapyndylar bu ýeriniň medeniýetiniň,
sungatynyň hem- de ylmynyň örän uly köküniň bolandygyny dowamynda häkimlik edendigi baradaky subutnamalaryň biridir.
Aşgabadyň gursagynda ýatan bu ajaýyp gala özüniň açyk asmanyň asynda ýatan muzeýdigine garamazdan her ädimi syrly, her pursatda ýüregiňi hopdurjak syr öňüňden çykaýjak ýaly, seni haýran galdyrýar. Nusaý galasynda ýaşan, ady gadymyýetiň soňsuz ýaňynda gözelligiň şasy bolan Rodoguna bolsa, häzirem galalaryň arasyndan ýöräniňde olaryň içinden çykyp, saňa bir zatlar pyşyrdaýan ýaly bolýar.Rodoguna- Nusaý şalygynyň patyşasy Mitrit 1 –iň gyzy bolup, ol selewkidleriň şasynyň aýalydyr. Gözellikde onuň öňüne geçjek bolmandyr. Aşgabadyň ýüregine barýan damarlary düzýän taryh bilen baglanşykly binalar hem şäheriň şöhratly taryhynyň bolandygyny ýene bir gezek subut edýär. Aşgabadyň töwereginde ýerleşýän Nusaý, Ak depe, Änew
ýadygärlikleri bu gözel territoriýany özünde saklaýan beýik siwilizasiýanyň ýaňyny getirýän şäherdir. Bu topraklarda ynsanlaryň medeniýete, sungata, ylma,sporta hem- de beýleki ösüşlere uly sarpa goýandygyny subut edýän desgalaryň hem
birnäçesi bar. Ak şäheriň gözel görnüşi, onuň “Aziýanyň merjeni” diýip atlandyrylmagy bolsa, şäheriň goýnunda ýerleşýän gözel binalaryň ap-ak mermere beslenip oturmasyndan gözbaş alýar. Bu ýerde Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny beýan edýän şahsyýetleriň heýkelleriniň ýerleşdirilmesi bolsa, türkmeniň Garaşsyz bolmagy üçin, topragyň garaşsyzlygyny almak üçin göreşen şahsyýetleri nesillere tanatmak bilen baglanşyklydyr.Şahsyýetleriň heýkelleriniň ýerleşdirilmesi bu günki gün türkmeniň şöhratly taryhyna degişli şahsyýetleriň hersiniň öz güýjüni – gaýratyny görkezip, türkmen topragynda at- owazasynyň arşa göterilmeginiň netijesidir. Bu ýerde türkmeniň şöhratly taryhyna her senede hormat edilip, nesiller gelýär. Garaşsyzlyk binasy bolsa, asman bilen rast aýdyp, uzaklardan görünýär. Garaşsyzlyk binasynyň öňünde her gün hormat garawuly gije- gündiz
nyzama durýar. Garaşsyzlyk binasynyň boýy 118 metrden ybarat bolup, iň çür depesinde bäş welaýatyň birleşmesi hem- de agzybirlik manysynda edilen Oguz hanyň nyşanyny alamatlandyrýan nyşanlar ýerleşdirlendir.Meýdançanyň umumy meýdany 170 gektardan ybarat bolan Garaşsyzlyk meýdançasy nesilleriň öz taryhlaryny öwrenmek üçin gelýän ýeridir. Şeýle- de meýdançada hormat garawuly we dünýäniň baştutanlarynyň eken baglary atlary bilen bellenilendir. Munuň özi Aşgabadyň iň iri dostluk merkezidigini alamatlandyrýan nyşandyr. Garaşsyzlyk binasynyň içinde “Garaşsyzlyk muzeýi” ýerleşdirlendir.Şeýle- de meýdançanyň umumy düşeginde sekizbutçluklar türkmeniň ak öýüniň şekilinde ýerleşdirlip, 27 sany heýkeli öz içine alýandyr. Olaryň içinde türkmeniň Garaşsyzlygy almak üçin jan çeken şahsyýetleriniň heýkelleri ýerleşdirlendir. Suw çüwdürümleri bilen bezelen bu meýdançanyň heýkellerini türkmen heýkeltaraşlary Babasary Annamyradow, Saragt Babaýew, Şamyrat Ýarmämmedow, Nurmuhammet Ataýew ýerine ýetirendir. Aşgabadyň Halkara howa menziline barýan şaýoluň çatrygynda ýerelşýän bu çüwdürim 2008-nji ýylyň 29 –njy iýunynda Türkmenistanyň prezidentiniň ak pata bermegi bilen açyldy. 125- metr inedördül meýdany tutýan bu suw çüwdürimler toplumy – Oguz hanyň alty ogly bilen agzybirligiň hem- de parahatçylygyň simwolyny berýän ajaýyp tymsaly, onuň ogullaryna berýän öwüdi ak şäheriň esasy girelgeleriniň birinde ýerleşýär. Dünýä belli howa menziliniň öňünde- esasy ýolunyň ugrunda ýerleşýän bu suw çüwdürimler toplumynyň gözelligi, onuň bu günki gün ýaş nesillere berýän nusgasy bahasyzdyr.27- sany kiçi suw çüwdürimi, 12 sany toplum ýapraklary Garaşsyzlygy we Bitaraplygy senelendirýän alamatlardan ybaratdyr.Oguz han atamyzyň bu heýkelinde birligiň we parahatlygyň lamaty ýerleşdirlendir. Gelen myhmanlary ilki bilen
garşylaýan bu ýadygärlik manysy boýunça türkmeniň myhmansöýerliginiň nyşanyndan gözbaş alýar. Aşgabadyň “Paýtagt” diýilip yglan edilmesine 143 ýyl bolsa- da Aşgabadyň asly ady örän gadymy taryhdan, Türkmen topragynda müňýyllyklardan owal häkimlik süren patyşalyklary, beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän uly söwda nokatlary, kerwensaraýlary bolandygyny subut edýän esasy nokatlar onuň gapdallaryndaky,Köpetdag eteklerindäki ýerelere degişlidir. Aşgabat – ýönekeý bir şäher bolman, eýsem bu şäher gadymy siwilizasiýalaryň galyndylarynyň gapdalynda ýerleşýän, ösen medeni merkezler hem- de ykdysady we ylym ýolunda gurlan beýik medeniýete degişli nokatlaryň jemlenmesidigini bu gün subut edýär.“Ylham” alleýasy Magtymguly hem- de Görogly şaýolunyň arasynda ýerleşmek bilen onuň umumy meýdançasy 57000 inedördül meýdançany tutýar. “Ylham” allaeýada ýerleşdirlen birnäçe heýkelleriň içinde ilkinji sadranç oýnuny düzen As Suli, halk arasynda Mäne baba diýip tanalýan, Abu Seýit Mähneýi, alym Mahmyt Zamahşary,Al Faraby, Mahmyt Kaşgary, Abu Aly Ibn Sina, Biruni, Sarahsy, Jahanşah, Al –Horezmi, Merweri, Amhmyt Pälwan,Nejmetdin Kubra, Ahmet Kazy ilkinji bölegini düzýär.Ikinji böleginde bolsa: Ahmet Ýasawy, Ýunus Emre, Döwletmämmet Azady, Zelili, Seýitnazar Seýdi, Kemine, Ýusup Balasugunly,Nesimi, Fizuly, Alyşir Nowaýy, Mollanepes, Annagylyç Mätäji, Abdyrahman we Baýram han “Ylham” alleýasy bu günki gün halkyň edebi we medeni,ylym mirasynyň ägirtlerini halkymyza, nesillere tanatmak üçin Aşgabadyň iň gözel ýerinde gurlandyr. Bu gözel alleýada özboluşly ruhy makamy syzanyňda , ol ýerde goşgy ýazyp, surat çekip oturan adamlara köplenç gabat gelmek mümkinçiligi bardyr. Gözel Aşgabadyň taryhynyň müňlerçe ýüzýyllyklara uzap gitmesi onuň taryhynyň şöhratlydygyny alamatlandyrýar.Dünýäniň ýüzüni özüne bakdyran paýtagtymyza bu gün 143 ýyl doldy . bu baýramçylyk gününde Gahryman Arkadagymyzy , Arkadagly Gahryman Serdarymyzy bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys. Türkmen halky üçin döredip berýän mümkinçiliklerine köp sag bolsun aýdýarys.
Esenaly Araliýew
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň
Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň Maglumat
tehnologiýalary programma üpjünçiligi kafedrasynyň mugallymy