Beýik ýüpek ýoly Hytaýy Alynky Aziýa we Ýewropa bilen baglanyşdyrýan söwda kerwen ýoludyr. Hytaýyň daşary ýurtlara çykarýan harytlary diňe bir ýüpek mata bolmandyr. Olar daşary ýurtlara çaý, farfor, bezeg üçin boýag, kagyz önümlerini hem çykarypdyrlar. Bu harytlar Ýewropanyň bazarlarynda geçginli eken. Ýöne Hytaýyň esasy harytlarynyň ýüpekdigini nazara alyp, bu söwda ýoluna ―Beýik ýüpek ýoly diýip at beripdirler. Hytaý harytlary ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda Parfiýa döwletiniň üstünden geçýän söwda ýollary arkaly grek-rim dünýäsine äkidilipdir.
Bu söwda ýolunyň başlangyjy Hytaý täjiri, syýahatçysy Çžan Szýanyň ady bilen baglanşykly bolupdyr. Hytaýlylar 5 müň ýyl mundan ozal ýüpek gurçugyndan ýüpek almagyň usulyny tapypdyrlar. Hytaý täjirleri öz harytlaryny Merkezi Aziýanyň bazarly şäherleri bolan Buharada, Amulda, Horezmde, Merwde we beýleki şäherlerde ýerleşdiripdirler. Ýerli täjirler bolsa harytlary Siriýa, Müsüre, Wizantiýa ýetiripdirler. Hytaýlylar ýüpegi öndürmekligiň usulyny köp asyrlap gizlin saklan bolsalar-da, Merkezi Aziýa we Ortaýer deňziniň kenarýaka ýurtlaryna ýüpekçilik dürli ýollar bilen ýaýrapdyr. B.e. VI asyrynyň 50-nji ýyllarynda Wizantiýanyň imperatory Ýustinian I dolandyran ýyllarynda Wizantiýa syýahatçylary Hytaýdan öz hasalarynyň içini köwüp, ýüpek gurçuklarynyň tohumyny gizlinlikde alyp gaýdypdyrlar. Şondan soň Wizantiýada hem ýüpek öndürilipdir.
Beýik ýüpek ýolunyň birnäçe şahalary bolup, olar dünýäniň dürli künjegine uzapdyr. Olaryň biri Owganystanyň üsti bilen Hindistana giden bolsa, beýlekisi Wolga derýasynyň üsti bilen Gündogar Ýewropa ýurtlaryna gidipdir. Bu ýüpek ýoly bilen Hytaýyň, Hindistanyň şol sanda Merkezi Aziýanyň harytlary hem gadymy rus şäherlerine Kiýewe, Nowgoroda, Moskwa etirlipdir. Beýik ýüpek ýoly halkara söwda gatnaşyklarynyň ösmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup başlapdyr.
Biziň eýýamymyzdan öňki II-I asyrlarda ýüpek ýolunyň ugrunda uly we kuwwatly Parfiýa döwleti ýerleşipdir. Söwda ýolunyň Parfiýanyň üstünden geçmegi Rim bilen Hytaýyň aralygynda Parfiýa döwletiniň kerwen ýollaryň üstünden agalyk etmegine mümkinçilik beripdir. Parfiýa täjirleri diňe bir Hytaý harytlaryny satyn almak ýa-da ony günbatar ýurtlaryna äkitmek bilen meşgul bolman, eýsem öz harytlaryny hem satypdyrlar. Parfiýa täjirleri öz harytlaryny Siriýaly, Gresiýaly, Rimli we beýleki Ýewropaly täjirlere satýan ekenler. Parfiýa kerwenleri günbatarda Siriýa, Ermenistana, Palestina we Müsüre çenli baryp ýetipdirler. Bu döwürde Türkmenistanyň ýerlerindäki şäherler hem söwda ýollarynda ýerleşip, uly ähmiýete eýe bolupdyrlar. Amyderýanyň kenarynda ýerleşen Amul (Türkmenabat) şäheri söwda merkezleriniň birine öwrülipdir. Bu ýerden bir ýol Owganystana we Hindistana, beýlekisi Horezme, ýene bir ýol bolsa Merwe geçipdir. Merw şäheri şu döwürde hem ýüpek matalary, ýüpek halylary bilen dünýäde meşhurlyk gazanypdyr. Merwden kerwen ýollary Hyrada (Owganystana), Köneürgenje, Nişapura, uzapdyr. Merwden günorta gaýdan kerwen ýoly Sarahsa, Abiwerde (Kaka etraby) gelipdir. Şol ýerden ýol ýene-de ikä bölünip, birisi Nişapura beýlekisi Etrek-Gürgen sebitlerine aralaşyp Dehistanyň we Gürgeniň üsti bilen Kaspi deňziniň günorta-gündogar kenarlary bilen arap ýurtlaryna aralaşypdyr. Dehistan günorta-günbatar Türkmenistanyň uly ykdysady, söwda, hünärmentçilik we medeni merkezleriniň biri bolupdyr.
Bu döwürde Abiwerd ―Beýik ýüpek ýolunyň‖ ugrunda ýerleşen demirgazyk Horasanyň uly şäherleriniň biri bolupdyr. Bu ýere Horezmden, Margianadan, Dehistandan, Hindistandan ýükli kerwenler gelip, söwda-satyk işlerini geçiripdirler. Sarahs hem Nişapur bilen Merwiň arasyndaky iri şäherleriň biri bolupdyr. Merwden çykan kerwenler Sarahsa, soňra Nişapura, Abiwerde, Nusaýa, Parawa we aňyrlygyna Dehistana gidipdirler.
Beýik ýüpek ýolunyň ugrundaky iň uly şäherleriň biri-de Ürgenç-häzirki Köneürgenjiň etrap merkezinde ýerleşen gadymy şäherdir. Ürgenç diňe bir Orta Gündogar ýurtlary bilen däl, eýsem Ýewropanyň birnäçe şäherleri bilen söwda medeni gatnaşykda bolupdyr. Arheologlar Köneürgençde ýasalan gap-gaçlary Nowgorod şäherinden tapypdyrlar. Şeýlelikde, Beýik ýüpek ýolunyň ep-esli bölegi Türkmenistanyň gadymy topragynyň üstünden geçipdir.
Beýik ýüpek ýolunyň şeýle uly taryhy ähmiýetini nazara alyp, ÝUNESKO-nyň karary bilen ―Beýik ýüpek ýoly-gepleşikler ýoly düşünişmek ýoly diýen at bilen döredilen Halkara ylmy-gözleg topary Türkmenistanda 1989-1991-nji ýyllarda işlediler. Olar diňe bir gadymy medeniýeti öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem bu ýoly täzeden dikeltmek meselelerini hem öwrendiler. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanda Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň aralygynda syýasy, ykdysady medeni gatnaşyklary ösdürmek üçin demir we gara ýollar gurulyp ―Beýik ýüpek ýoly täzeden dikeldilýär.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk unwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniñ 2-nji ýyl talyby.