Terbiýäniň maksady – bu terbiýäniň geljege gönükdirilendigidir. Islendik terbiýe – iň bir kiçijik meseleden tä döwlet möçberindäki maksatnama çenli hemişe maksada gönükdirilendir. Maksatsyz, hiç bir gönükdirilmedik terbiýe bolmaýar. Terbiýäniň maksadyna – mazmun, guramaçylyk, görnüşler we terbiýäniň usullary boýun bolýarlar. Şonuň üçin pedagogikada terbiýäniň maksady iň esasy soraglaryň biri bolup durýar. Mekdep, terbiýeçiler özüniň tejribe işinde nämä ymtylmaly, nähili netijeler gazanmaly – diýen soraglar esasy düýp soraglardyr.

Terbiýäniň umumy we indiwidual maksatlary bolup, açan-da hemme adamlarda ýüze çykmaly hilleri terbiýelemek barada gürrüň gitse, onda terbiýäniň umumy maksady ýüze çykýar. Eger-de belli bir adamy terbiýelemek barada gürrüň gitse, onda terbiýäniň indiwidual maksady ýüze çykýar. Häzirki zaman öňde baryjy pedagogika terbiýäniň umumy we indiwidual maksatlarynyň birligi, umumylygy barada çykyş edýär.

Maksat terbiýäniň umumy maksada gönükdirilendigini aňladýar. Tejribede ýerine ýetirilende, ol konkret meseleler ulgamy hökmünde çykyş edýär. Maksat we meseleler bütewi we bölek, ulgam we onuň düzümleri hökmünde arabaglanyşýarlar. Şonuň üçin hem terbiýäniň maksadyna şeýle kesgitleme bersek bolar: terbiýäniň maksady bu terbiýäniň üsti bilen çözülýän meseleler ulgamydyr.

Terbiýäniň maksady bilen kesgitlenýän umumy we anyk meseleler köpdür. Ýöne aýry alnan bir terbiýäniň ulgamynda onuň maksady birdir. Şol bir wagtyň özünde, şol bir ýerde terbiýe dürli maksatlara gönükdirilen bolup bilmez. Maksat-terbiýe ulgamynyň kesgitleýji häsiýetnamasydyr. Bir ulgamy başga birinden olaryň maksady we serişdeleri aratapawutlandyrýarlar.

Häzirki zaman dünýäsinde örän köp terbiýäniň maksady we olara degişli terbiýe ulgamlary bar. Bu terbiýe ulgamlaryň her haýsy öz maksady bilen häsiýetlendirilýär, her bir maksat özüniň amala aşmagyna kesgitlenen şertleri we serişdeleri talap edýär. Maksatlaryň ara tapawudy giň, olar adamyň aýratyn bir häsiýetini ýa-da şahsyýetini düýbünden üýtgetmäne çenlidir. Maksatlaryň köplügi ýene-de bir gezek terbiýäniň örän çylşyrymlylygyny tassyklaýar. Jemgyýetiň taryhy ösüşi terbiýäniň maksatlaryny özbaşdak öňe sürmek, girizmek bolmaýandygyny tassyklaýar. Terbiýäniň maksadyny saýlanda, kesgitlände, goýanda tebigatyň, jemgyýetiň, adamyň ösüş kanunalaýyklaryna daýanmaly.

Terbiýäniň maksadyny kesgitlände onuň birnäçe sebäpleri ýüze çykaryldy. Olary toparlaýyn hasaba almak terbiýäniň maksadynyň kanunalaýyklyklaryny ýüze çykarmaga kömek edýär. Terbiýäniň maksadyny saýlamaga täsir edýän faktorlar haýsylar? Bize eýýäm belli bolan döwletiň ideologiýasy, syýasat bilen bir hatarda jemgyýetiň talaby-da esasy faktoryň biridir.

Terbiýäniň maksady jemgyýetiň taryhy talaby bolan jemgyýetiň funksiýalaryny ýerine ýetirýän ýaşlary taýýarlamakdyr. Ýöne jemgyýetiň talabynyň dogrudan-da wajyplygyny, onuň diňe bir çaklama däldigini kesgitlemeli. Köp terbiýeçilik ulgamlarynyň ýok bolup gitmeginiň sebäpleri, terbiýe bilen adamlaryň durmuşyny üýtgetmek islegleri , olaryň öz wagtyndan öň ýüze çykmagy, öz isleglerini durmuşyň islegi bilen deňeşdirmegidir, durmuşyň real ýagdaýlaryny hasaba almazlygydyr. Obýektiwliligi göz öňünde tutmaýan terbiýe hakykatyň täsiri astynda ýok bolmaga sezewardyr.

Jemgyýetiň talaplary önümçiligiň görnüşleri, önümçilik güýçleriniň ösüşi we önümçilik aragatnaşyklarynyň häsiýeti bilen kesgitlenýärler. Şonuň üçin hem terbiýäniň maksady jemgyýetiň ösüşini, derejesini görkezýär, onuň bilen kesgitlenýär we önümçiligiň görnüşleriniň üýtgemegi bilen üýtgeýär. Bu wajyp aragatnaşygy tassyklamak üçin jemgyýetçilik – ykdysady aragatnaşyklaryň görnüşleri boýunça terbiýäniň maksadynyň üýtgeýşini seljermek ýeterlikdir.

Annaýew Kerwen

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Koreý dili we edebiýaty hünäriniň 4 -nji ýyl talyby