Hytaýyň Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň (USTC) alymlar topary howadan we suwdan aminokislotalary sintez etmegiň usulyny oýlap tapdylar. South China Morning Post-yň habar bermegine görä, barlagçylar laboratoriýa şertlerinde ýyldyrym çakmagyny simulasiýa etmek üçin elektrohimiki katalizi ulandylar.
Alymlar toparynyň ýolbaşçysy, USTC-yň işgäri Szen Sze: “Täze innowasion synag dizaýnynyň kömegi bilen käbir aminokislotalaryň, ýagny glisiniň sintezini gazanyp bildik” – diýip mälim etdi.
Synaglar wagtynda alymlar kömürturşy gazyny atgulak kislotasyna, soňra bolsa glioksil turşusyna öwürdiler. Azot ammiaga, soňra bolsa gidroksilamine sintez edildi. Elektrodikeldiş reaksiýasy ýokary derejeli arassa gaty glisiniň 5,1 gramyny berdi.
Szen Sze geljekde toparyň diňe suw we howa ulanyp, has çylşyrymly organiki molekulalary sintez etmegi meýilleşdirýändigini belläp geçdi. Täze tehnologiýa nebit önümleriniň ulanylmagyny aradan aýyrýan, ekologiýa taýdan arassa önümçilik üçin esas bolup biler. Bu energiýa sarp edilişini we zäherli galyndylaryň mukdaryny azaldar diýip alymlar toparynyň ýolbaşçysy aýtdy.
Sadykow Berdişükür
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 401-nji toparçasynyň talyby