Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip atlandyrylan bu ýylda Gündogaryň beýik nusgawy şahyry, türkmen edebiýatynyň kämilleşmegine uly goşant goşan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döwlet çäreleri ýurdumyzda giňden bellenip geçilýär. Gahryman Arkadagymyzyň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuna bagyşlap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döreden ajaýyp şygry türkmen halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy.

Poeziýa äleminiň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ajaýyp goşgulary adamzadyň kalbyny ruhlandyrýar. Magtymguly Pyragy XVIII asyrda ýaşan türkmen nusgawy edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň arasynda ýaş ne¬sil¬le¬re Wa¬ta¬na söý¬gi dö¬ret¬mek, mert¬lik, gaý¬duw¬syz¬lyk, il-gü¬ne we¬pa¬dar¬lyk ýa¬ly asyl¬ly ýö¬rel¬ge¬ler eriş – argaç bolup durýar. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şunuň ýaly belent derejede tutulmagy hormatly Prezidentimiziň beýik akyldaryň döredijiligine iňňän ýokary baha berýändigi bilen berk baglanşyklydyr.

Türkmen halkynyň edebi mirasyny uly üns we alada bilen gurşap alan türkmen alymlarynyň Magtymguly Pyragy baradaky pikirlerine giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw edýäris.

Mamagül ARAZGYLYJOWA,

Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine

ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň

Türkmen dili we edebiýaty mugallymy