Raýat jemgyýeti – adama öz ykdysady hem syýasy durmuşynyň görnüşlerini erkin saýlap almaklygy kepillendirilýän, adamyň ählumumy hukugy ykrar edilýän jemgyýetçilik gurluşydyr.
Raýat jemgyýeti filosofiki düşünje hökmünde Aristotel tarapyndan öňe sürüldi. Döwletiň nämeden ybaratdygyny kesgitlemezden öň raýat düşünjesini kesgitläliň, sebäbi, döwlet raýatlaryň, raýat bileleşiginiň jeminden başga zat däldir diýip, Aristotel ýazypdyr. Aristotel raýat jemgyýetiniň, ýokary häkimiýetiň ählumumy eşretiň bähbitleri üçin hereket edýän mahaly bardyr diýip tassyklaýar. XVII asyryň ortalaryndan başlap raýat jemgyýeti hakyndaky düşünje uzak wagtlyk ewolýusiýany geçdi we XVIII asyrda Fransuz buržuaz rewolýusiýasy döwründe adamyň we raýatyň hukuklarynyň Jarnamasynyň jar edilmegi bilen giňden ýaýrady. Jemgyýetiň we döwletiň bähbitleri bilen utgaşyklylykda öz şahsy bähbitlerine akyl ýetirýän jemgyýetiň deň hukukly agzasy bolan “raýat’ peýda boldy. Uzak wagtlap ösüş netijesinde umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanan raýat jemgyýetiniň häzirki zaman düşünjesi emele geldi. Eýeçiligiň görnüşleriniň köp dürlüligi we deňligi, zähmetiň hem-de telekeçiligiň erkinligi, aňyýet babatdaky köp dürlülik we maglumatlary almakdaky erkinlik, adam hukuklarynyň hem azatlyklarynyň üýtgewsizligi, ösen öz-özüňi dolandyryş, esasy sosial edara bolan maşgala onuň esasy elementleridir. Soňky ýyllarda täze garaşsyz ýurtlaryň birnäçesinde toplumlaýyn konstitusion-hukuk instituty hökmünde raýat jemgyýetiniň esaslaryny pugtalandyrmaga tarap tendensiýa ýüze çykdy. Raýat jemgyýeti häzirki zaman düşünilişi boyunça döwletiň we syýasatyň demokratik konsepsiýasynyň çäklerinde raýatlaryň meýletin hem döwletden garaşsyz birleşmeleriniň jeminden ybaratdyr. Olaryň agzalary bolsa, professional syýasatçylar bolmasalar-da, öz wekilçilik edýän sosial toparlarynyň bähbitleriniň kanagatlandyrylmagyny gazanmak maksadyna eýerip, döwlet häkimiýeti bilen guramaçylykly hem-de işjeň arkalaşykly hereket edýärler. Raýat jemgyýeti instituty hukugyň esasynda işleýär, hukuk kanunyna tabyndyr. Şeýlelikde, hem döwlet, hem-de raýat jemgyýeti deň derejede hukuga tabyn bolup durýarlar. Raýat jemgyýeti öz agzalarynyň aň-düşünjesiniň kemala gelmegine ýardam edýär. Sebäbi, adam diňe bir peýda alýan telekeçi ýa-da diňe bir sarp ediji bolman, ol öz içki tebigaty boýunça jemgyýetçilik häsiýetlidir we oňa ýaşamagyň hem hyzmatdaşlyk etmegiň örän dürli görnüşleri derwaýys, oňa bolup geçýän zatlara täsir etmek gerek, oňa öz bitirýän hyzmatlarynyň ykrar edilmegi zemr bolup durýar. Raýat jemgyýeti adamyň öz-özüni açyp görkezmeginiň netijeli serişdeleriniň biridir. Raýat jemgyýetiniň institutlaryny gurmagyň zerurlygy şu esasy täsirler bilen şertlendirilýär: raýat jemgyýeti adamzat jemgyýetiniň has göwnejaý görnüşidir, şonda adamyň köp görnüşli talaplaryny, zähmete, eýeçilige, öz pikirini erkin beýan etmäge bolan onuň düýpli hukuklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek mümkindir. Raýat jemgyýetiniň mehanizmi bir bitewi düzüm hökmünde jemgyýetçilik gatnaşyklaryny iş ýüzünde ynsanperwerleşdirmäge mümkinçilik berýär; muňa gyzyklanma bolsa adamyň işiniň köpdürli görnüşleriniň esasyny düzýär. Raýat jemgyýeti adamlaryň bähbitleriniň esasy hökmünde döreýär, onuň mehanizmleri olaryň ylalaşylmagyna gönükdirilendir. Raýat jemgyýetinde adamlaryň borçlary olaryň hukuklaryny durmuşa geçirmegiň şertleri hökmünde emele gelýär. Raýat jemgyýeti jemgyýetçilik gurşawlaryň ählisinde düzüm taýdan öz guramalary we birleşikleri arkaly ýüze çykýar. Olaryň has uly bölegi ykdysady, sosial-syýasy we ruhy (medeni) gurşawlara düşýär. Ykdysady gurşawda raýat jemgyýetiniň döwlete dahylsyz kärhanalar (senagat, söwda, maliýe we başgalar) tarapyndan döredilen guramalarynyň giň ulgamy işleýär, olar bolsa häzirki zaman demokratik döwletlerde üýtgewsiz köplüge eýedir. Türkmen jemgyýetinde hem olaryň sany gün-günden artýar. Oňa mysal hökmünde 2007-nji ýylyň 17-nji martynda döredilen Türkmenistanyň Senagytçylar we telekeçiler birleşmesini getirse bolar. Raýat jemgyýetiniň sosial-syýasy gurşawy jemgyýetçilik-syýasy guramalaryny we hereketlerini; raýatlaryň jemgyýetçilik işeňňirliginiň dürli görnüşlerini (mitingler, ýygnaklar, ýörişler); ýaşaýan ýerlerindäki ýa-da zähmetkeşler toparlaryndaky jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edaralaryny; döwlete dahylsyz köpçülikleýin habar beriş serişdelerini özünde jemleýär. Raýat jemgyýetiniň sosialsyýasy gurşawynyň guramalary we birleşikleri raýat jemgyýetiniň ähli subýektleri ýaly jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilýär hemde işleýär.
Azarjanow Merdan
Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň Senegat tehnologiýa fakultetiniň Metallary işläp bejermegiň tehnologiýasy we maşynlary hünäriniň 2-nji ýyl talyby