Güýz paslynyň iň arzyly önümi bolan açyk mämişi reňkli hurma Ebenler maşgalasyna degişli bolan miweli agaçdyr.Hurma hemmeler tarapyndan gowy görüp iýilýär.Çünki onuň miwesi örän tagamly bolup adam saglygyna peýdaly.Hurma agajynyň iki jynly gülleri bolup, öz-özüni tozanlandyrýarlar.Miweleri oktýabr aýynyň 20-sinden noýabr aýynyň 16-syna çenli bişip ýetişýär.Doly bişmegi üçin ýene-de 24-36 gün saklanan miweleriniň tagamy has gowy süýjäp iýmäge taýýar bolýar.Türkmenistanda tebigy şertlerde hurmanyň esasy 3 görnüşi: kawkaz hurmasy, wirgin hurmasy we gündogar hurmasy bar.Hurma tohumlary we sapmak arkaly köpeldilýär.Agajy gaty berk bolýar.Şonuň üçin hurma agajyna garagaç hem diýilýär we ondan gymmat bahaly mebeller ýasalýar.Hurmanyň miwesi adam saglygyna peýdaly bolan birnaçe ýagny A,B,C, P witaminlere baý.Mundan başgada beta-karotini, ýod, kaliý,magniý we antioksidantlary saklaýar.Antioksidantlar ýüzde emele gelýän ýygyrtlaryň we tegmilleriň öňüni alýar.Düzümindäki A witamini bagryň işini sazlamakda, gipertoniýany, ýürek kesellerini bejermekde giňden ulanylýar.
Aýşat ALLABERDIÝEWA
Türkmen Oba hojalyk institutynyň talyby

RU












