Biziň eýýamymyzyň III asyrynyň başlarynda gadymy Parfiýa döwletinde içki we daşky gapma-garşylyklar has ýitileşýär. Döwletiň düzümindäki welaýatlaryň köpüsi merkezi hökümetiň tabynlygyndan çykyp başlaýarlar. Parfiýa döwletiniň düzümindäki şeýle ýerleriň biride Pars welaýatydy. III asyryň başlarynda Parsy parfiýalylaryň dikmesi Goçihr dolandyrýardy. Emma Sasany atly ýerli begzada ony agdaryp, Parsdaky häkimniýeti öz eline alýar. Sasany parfiýa patyşalarynyň tabynlygyndan çylkmaga çalşypdyr. Onuň bu syýasatyny ogly Babak, ondan soň bolsa agtygy Ardaşir dowam etdirýär. Ardaşiriň özbaşdaklygy Parfiýa patyşasy Artaban V ýaramandyr we hökümdar bilen dikmäniň arasynda uruş hereketleri başlaýar. Bu uruş 224-nji ýylda Artaban V yeňilmegi bilen tamamlanýar. Bu waka türkmenleriň Beýik Parfiýa döwletiniň gutarnykly synmagyna getirýär. Täze dörän döwletiň ady Sasany serdaryň ady bilen Sasanylar döwleti diýlip atlandyrylýar. Sasanylar döwleti Ardaşiriň döwründe güýçlenipdir. Ol Parsy we onuň bilen sebitdeş ähli ýerleri birleşdirýär. Ardaşir 226-njy ýylda tagta çykyp, özüni ―Şalar-şasy diýip yglan edýär. Täze dörän Sasanylar döwleti gysga wagtyň dowamynda Margianany, Köpetdagyň demirgazyk eteklerini, Dehistany, hatda Amyderýanyň çep kenaryndaky ýerleri hem özüne birikdirýär. Emma Horezm ýerlerini we Beýik Kuşanlar döwletini basyp almak olara başartmandyr. Günorta Türkmenistanyň ýerleriniň Sasanylar tarapyndan basylyp alynmagy gul eýeçilik gurluşynyň krizise düşmegi bilen baglanyşykly bolupdyr. Gul eýeçilik jemgyýetiniň krizisi Günbatar Türkmenistanyň ýerlerini-Dehistany hem öz içine alypdyr. Sasanylar döwrüniň gündogar sebitleri bolan Merwiň-Gäwürgalanyň ýerlerinde III asyrlarda uly bir ykdysady üýtgeşikler bolmadyk hem bolsa, IV asyryň içinde bu ýerlerde senetçilik we söwda juda pese düşüpdir.

Sasanylaryň Amyderýanyň çep kenaryndaky ýerleri özüne birikdirmegi. Kuşan döwleti dargandan soň, Sasanylar Amyderýanyň sebitlerini birikdirmek üçin göreşip başlapdyrlar. Harby ýörişleriň netijesinde Amyderýanyň çep kenaryndaky giň welaýatlar Eýrana birikdirilipdir. Emma IV asyryň ortasynda Merkezi Aziýanyň halklarynyň Sasanylara garşy erjel göreşmekleri netijesinde, olar Amyderýa boýlaryndan gysylyp çykarylypdyr. Sasanylaryň döwletiniň demirgazygynda dörän Kuşan döwletiniň Eýran bilen alyp baran uruşlarynyň netijesinde bolsa bu ýerler garaşsyzlyk alypdyr. Emma, soňra Merkezi Aziýada Sasanylar bilen alnyp barylan uruşlaryň netijesinde Eftalylar döwleti emele gelýär, Türkmenistanyň ýerleri bolsa onuň düzümine birikdirilipdir. Bu syýasy özgerişleriň bolup geçmeginiň esasy sebäbi, biziň eýýamymyzyň III-IV asyrlarynda gul ýeçilik gurluşynyň feodal gurluş bilen çalşyrylmagy bolupdyr. Ýurtda iri ýer eýeleri ýüze çykýar, daýhanlar bolsa ýere berkidilip ýer eýelerine tabyn edilýär. Şeýlelik bilen, Sasanylaryň Günorta Türkmenistanyň ýerlerinde agalyk eden asyrlarynda gul eýeçilik gurluşy täze feodalçylyk gurluş bilen çalşyrylýar.

IV asyryň başlarynda Türkmenistanyň ýerinde abdallaryň täsiri güýçlenip başlapdyr. Olara asyryň ortalaryna çenli bolan döwürde goňşy sasanylar bilen ylalaşykda we hyzmatdaşlykda ýaşamak başardypdyr. Hatda abdallar sasanylaryň agalygyny ykrar edip, olaryň goşunynyň düzüminde Rime garşy urşa hem gatnaşypdyrlar. Sasany patyşasy Bahram Guruň (420-438-nji ýý.) döwründe häzirki Baýramaly şäheriniň 35 km. demirgazyk-gündogar tarapynda ýerleşýän Küşmeýhanyň golaýynda sasanylar bilen abdallaryň arasynda gazaply söweş bolupdyr. Ol Bahram Guruň ýeňişi bilen gutarypdyr. Şondan soň sasanylaryň serhedi Amyderýanyň kenarlaryna çenli baryp ýetipdir. Emma bu üstünlik uzak dowam etmändir. Çünki ikinji gezek 484-nji ýylda sasanylar bilen bolan uruş abdallaryň peýdasyna tamamlanypdyr. Bu söweşde sasanylaryň patyşasy Firuzyň özi-de wepat bolýar. Şondan soň tagta geçen sasany şasy Kawad iki ýyllap abdallara salgyt tölemäge mejbur bolýar. Şeýlelik bilen abdallaryň özbaşdak döwleti döreýär.

 Annaberdiýew Eziz

Türkmen döwlet energetika institutynyň

Ýylylyk elektrik stansiyalarynda suwyň we ýangyjyň tehnologiýasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby