Halk pähimlerinden mälim bolşy ýaly, suw – türkmeniň durmuşy, at – türkmeniň ganaty, haly – türkmeniň kalby hasaplanýar. Halyçylyk sungaty türkmen halkynyň iň gadymy hem-de milli el hünäri hökmünde XIX asyrda rowaçlanyp başlapdyr. Onuň gadymy taryhy barada içgin öwrenmek has gyzykly. Geliň, halyçylyk sungatynyň taryhyna az-kem nazar salalyň!
Biziň eramyzyň III asyrynda halyçylyk sungatynda we mata senagatynda ilkinji gezek haly önümleri satylyp başlanýar.
Türkmenleriň gadymy ata-babalary hasaplanýan skif taýpalaryna degişli bolan iň gadymy haly 1947-nji ýylda arheologlar tarapyndan Altaý ülkesiniň Pazyryk depesinde ýerleşýän gonamçylykdan tapylýar. Ol miladydan öňki V-IV asyrlara degişli diýlip kesgitlenildi. Ol “Pazyryk halysy” diýlip atlandyryldy. Bu haly gönüburçluk şekilinde bolup, ini, 1,60 sm, boýy bolsa, 2 metr barabardyr.
Taryh biziň üçin ilkinji pars hünärmenleriň döredijiligi baradaky gürrüňleri saklap gelýär. Hysrow şa I-niň «Ýaz halysy» II asyrda parslaryň rimler bilen bolan söweşinde Arap ýarym adasyny almagyna bagyşlanyp dokalypdyr. «Ýaz halysy» taryh boýunça gürrüňsiz iň gymmat haly bolup durýar. Munuň şol döwürde syýasy manysy hem bolupdyr. Bu haly hökmürowanlygyň we ägirt uly güýjüň nyşany hasaplanypdyr. Halynyň ölçegi äpet bolup: uzynlygy 122 metr, 30 metr ini, birnäçe tom agramy bar. Aýtmaklaryna görä, haçanda bu halyny ýazanlarynda, ýaz paslynyň howasy zala ýaýrapdyr. Ýöne VII asyryň ortalarynda Eýrany araplar basyp alýar. Şonda «Ýaz halysy» basybalyjylykly söweşde ýyrtylyp böleklere bölünipdir.
Haly dokalyşynyň iň gadymy görnüşi Ben-Hasanda baryp b.e. öňki X asyrda tapylypdyr.
Iň köp reňkli halyny eýýäm XXI ýüzýyllykda Eýran Tebrizinde üç dogan dokaýar. Ol ýarym metr uzynlykda bolan uly bolmadyk kenepiň ýüzüne, sekiz ýüz reňkli, million düwünjikleri bolan halydyr.
Türkmen halylary ilkinji gezek 1890-njy ýylda Gündogar halylarynyň Wenada geçirilen çeperçilik sergisinde, 1900-nji ýylda Parižde geçirilen Bütindünýä sergisinde iň ýokary baha mynasyp bolýar.
1925-nji ýylda çelekenli halyçy Sapargül Şeripowa we Baýly Şeripow tarapyndan W.I.Leniniň suraty çitilen ilkinji portret haly dokalýar.
Türkmen gelin-gyzlary tarapyndan 1941-1942-nji ýyllarda dokalan 193,5 kwadrat metrlik haly häzirki wagta çenli dünýäde iň uly haly hasaplanýar.
Şukurowa Jeýrana,
Çärjew etrabynyñ 25- nji orta mekdebiñ taryh mugallymy.