Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz baky bagtyýarlygynyň asuda gujagynda eşretli durmuşyň hözürini görýän günlerinde Gahryman Arkadagymyz ýene-de bir ajaýyp kitabyny türkmen halkyna peşgeş berdi. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabyny Baky Bitaraplyk baýramynyň öňi syrasynda türkmen halky üçin mynasyp sowgat boldy diýsek ýalňyşmarys. Bu kitabyň ilknji nusgasynyň Arkadagly Serdarymyza sowgat berilmegi halkymyzda halypa şägirlik ýolunyň dowam etdirilýändigine güwa geçýär. Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda halkymyzyň şöhratly taryhyny, medeni mirasyny, nusgawy edebiýatyny şöhlelendirmek bilen “Hakyda göwheri” diýip atlandyrýar.

“Hakyda göwheri” kitabynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda okujylara gowuşmagy uly manyny we sazlaşygy emele getirýär. Sebäbi şu ýylyň “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” hem-de Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip ykrar edilmegi, kitabyň bu iki uly mirasymyza bagyşlanmagy dana Arkadagymyzyň çuňňur zehininiň, jöwher paýhasynyň kitap sahypalaryna zer mysaly çaýylan dürdäne pikirleri ähli ugurda gymmatly gollanma bolar.

“Hakyda göwheri” atly kitabynyň birinji babynyň “Taryha syýahat”, ikinji babynyň bolsa “Ruhy miras” diýlip atlandyrylmagynyň örän çüuňňar manysy bar. Çünki özüniň şöhratly taryhyny sarpalamak, ata-babalaryndan miras galan ruhy gymmatlyklary nesilden-nesle geçirmek islendik milleti beýgeldýän, jemgyýeti jebisleşdirýän, döwletiň berkarardygyny berkidýän ýoldur. Adamzat taryhynyň islendik döwrüne ser salsaň-da, bu hakykat aýan bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň watansöýüjilige we milli buýsanja ýugrulan “Hakyda göwheri” atly ajaýyp kitaby türkmen ýaşlarynyň asylly ýollaryna ýagty saçýan şamçyrag bolar.

Adalat GARÝAGDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň inlis dili kafedrasynyň  mugallymy