Dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde (şol wagt Germaniýanyň bir bölegi, häzirki wagtda Fransiýanyň bir bölegi) arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, peçeniýa we gant bilen bezelipdir.
Gadymy Rimde täze ýyl mart aýynda bellenipdir. Miladydan öňki 46-njy ýylda imperator Ýuliý Sezar täze ýyl baýramçylygyny 1-nji ýanwara geçirmek barada karar çykarýar.
Fransiýada, 755-nji ýyla çenli ýylyň başy 25-nji dekabrdan hasaplanýar. Sene soňra 1-nji marta geçirilýär. 1564-nji ýylda korol Çarlz IX-yň buýrugy bilen ýylyň başy 1-nji ýanwardan başlanýar.
Kubada, täze ýyldan bir gün öň öýdäki gap-gaçlaryň hemmesi suwdan doldurylýar we täze ýyl baýramçylygynda köçä we howla suw sepilýär. Bu ýol bilen günälerden arassalanmak we täze ýyly günäsiz bellemäge umyt döredýär.
Kubada täze ýyl “Patyşa güni” diýip atlandyrylýar.
Eskimoslar täze ýyly ilkinji gar ýagýan güni belleýär.
Gresiýada, maşgala baştutany täze ýyl gijesi köçä çykyp nary güýç bilen ýere urup döwýär. Aýtmyşlaryna görä dürli tarapa pytrap giden nar däneleri öýe üstünlik getirýär eken.
Italiýada, täze ýyl baýramçylygynda köne eşikler, zatlar we mebeller köçä zyňylýar. Köne zatlar köçä näçe köp zyňylsa, şol ýyl şonça-da köp döwletiniň artjakdygy bilen düşündirýärler.
Awstriýada käkilik bagt guşy hökmünde baha berilýär. Şonuň üçin bu guşuň eti täze ýyl saçagynda hödürlenmeýär.
Germaniýada aýaz baba çagalara sowgady penjiräniň tekjesinde goýup gidýär. Şwesiýada bolsa çagalar üçin niýetlenen sowgady öýüň içindäki peçiň içinde goýup gidýär.
Ahmet TAGANOW
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýer gurluṣygy we kadastry hünäriniň 5-nji ýyl talyby