1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň hakyky dabaralanan güni boldy. Şol gün BMG-niň Baş Assambleýasy dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermegi bilen, «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» barada ýörite Kararnama kabul etdi.

Türkmenistanyň uzak geljegi nazarlap, öňe süren oňyn bitaraplyk ýörelgesi iki sany hakyky ýagdaýy – geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlary göz öňünde tutýar. SSSR-iň dargamagy we täze özbaşdak döwletleriň emele gelmegi sebitde güýçleriň täze geosyýasy mynasybetini döredip, döwletleriň täze uly geosyýasy düzümini emele getirdi. Türkmenistan onuň merkezine düşdi. Beýleki tarapdan, amatly geografik ýagdaýa eýe bolmak bilen, Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň strategik ýollarynyň çatrygyna düşüp, bu iki yklymyň arasyndaky özboluşly köprä öwrüldi. Bu seýrek duş gelýän geografik ýagdaýyň ýurduň ägirt uly mineral-çig mal gory bilen utgaşmagy türkmen bitaraplygynyň nusgasyny dünýä bileleşiginiň öňünde aýratyn ähmiýetli we özüne çekiji edýär. Türkmen bitaraplygy daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda siwilizasiýalaşan, birek-birege peýdalylyk esasynda bu tebigy baýlygy çalt we netijeli özleşdirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň baş ýörelgesi oňyn bitaraplygydyr. Onuň many-mazmuny halky häsiýetlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň «Bitarap Türkmenistan» atly düýpli eserinde şeýle ýazýar: «Biz oňyn bitaraplyk diýlip atlandyrylýan nusgany saýlap aldyk. Onuň esasy düzgünleri parahatçylyk söýüjilikden, beýleki döwletleriň işine gatyşmazlykdan, olaryň özbaşdaklygyny we çäk bitewüligini hormatlamakdan, halkara harby bileleşiklere hem-de harby şertnamalara goşulmazlykdan ybaratdyr».

Alnyp barylýan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň halkara kadalaryna laýyklykda, daşary ýurt maýa goýumlarynyň goralmagynyň kepillendirilmegi, daşary ýurt telekeçiligi üçin amatly şertleriň döredilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň iňňän baý tebigy serişdeleri, amatly geosyýasy ýagdaýy, syýasy durnuklylyk, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň daşary ýurt maýa goýujylaryny birsyhly özüne çekýänligi özüniň gülleýişli netijelerini berýär.

  Elhan HAÝDAROW

  Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň Maglumat Tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň Kompýuter ulgamlarynyň programma üpjünçilikleri ugrunyň 1-nji ýyl talyby