Ýurdumyzyň ýüregi bolan Aşgabatda ýerleşýän iň gözel binalaryň biri hem Türkmenistanyň Şekillendiriş muzeýidir. Rahat bir bina bolmak bilen gelim-gidimli, dünýä medeniýetleriniň Altyn hazynasyny özünde jemlemek bilen bu ajaýyp muzeý özünde taryhyň ruhy siňen nijeme tekjeleri jemleýär. Ýyllar geçdigiçe-de bu muzeýde taryhymyza hem-de medeniýetimize hormat artýar. Çünki her ýyl birnäçe tapyndylaryň üsti açylyp, muzeýmiziň tekjeleriniň ruhy ýene bir gez beýgelen ýaly, taryhymyz has-da gadymlara, çuňluklara öz köküni uran ýaly bolýarys. Muzeýimiziň içinde ýerleşýän gadymy sungat, häzirki zaman sungaty hem-de şekillendiriş sungatlarynyň dünýä nusgalyk görnüşleri hemişe daşary ýurtdan gelen syýahatçylarydyr, ylym adamlaryny özüne çekýär. Bu bolsa, bizi hünärmen hökmünde hem ylym bilen hem-de gözellige bolan garaýşymyzy artdyryp,gelejege öz taryhymyzy öwrenmek üçin hemişe gaýym durjakdygymyza bolan ynamymyzy artdyrýar.
Bu jähtden bolsa, muzeýiň her bir garyş ýerinde taryhy gymmatlyklarymyzyň gymmatyny bilmek , olara sarpa goýup, bu günki gün Gahryman Arkadgymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bize görkezýän ýolundan ýöräp, biz ynamly gadam bilen öňe barýarys, ýagny taryhymyzy çuňňur öwrenmäge mümkinçilikler tapýarys. Türkmenistanda bolup geçýän düýpli özgertmeler ýurduň ykdysadyýetiniň we medeniýetiniň ösmegine uly mümkinçilikleri döretdi. Oguz nesliniň Watany bolan Türkmenistan diýarymyzda dünýä medeniýetiniň çeperçilik genji-hazynasyna, dünýä halklarynyň özboluşly däp-dessurlaryna, olaryň medeniýetine we sungatyna uly sarpa goýulýar.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň düýbi 1925-nji ýylda Aşgabadyň ülkäni öwreniş muzeýiniň döredilmegi netijesinde tutuldy. 1927-nji ýylda rus suratkeşi akademik A. Karelin muzeýe özüniň nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk we amaly-haşam sungaty eserleriniň ýygyndysyny peşgeş berdi. Hut şol eserleriň esasynda Aşgabadyň ülkäni öwreniş muzeýinde çeperçilik bölümi açyldy. Soň-soňlar çeperçilik bölümiň üsti Moskwanyň we Sankt-Peterburgyň muzeýleriniň gaznahanalaryndan, Döwlet Tretýakow gallereýasyndan, Döwlet Rus muzeýinden, Çeperçilik Akademiýasynyň muzeýinden, şeýle-de beýleki şäherleriniň muzeýlerinden gelen sungat eserleri bilen dolduryldy.
2004-nji ýylda Aşgabadyň merkezinde şekillendiriş sungaty muzeýi üçin täze binanyň gurluşygyna başlanyldy. Muzeý jaýynyň we onuň ýanynda ýerleşen Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň orun tapan oňaýly hem ýagty Sergi zalynyň gurluşygy bir depginde alnyp baryldy. 2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-sine bolsa täze bina dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Täze muzeý gysga wagtyň içinde Türkmenistanda we daşary ýurtlarda tanymallyk gazandy. Dünýäniň dürli halkalrynyň taryhy gymmatlyklaryny özünde saklaýan muzeýimiz, bu ýylky “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly şygary astynda dünýä medeniýetine sarpa goýýan halk hökmünde sergilerini Halkara Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejede geçiriljek çärelere uludan taýýarlyk görýär. Gündogar halklarynyň sungatyna degişli muzeý toplumynda ýerleşen Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Hindistanyñ, Eýranyň we Türkiýanyň eserlerini görmek bolýar. Köp asyrlyk ösüşiniň dowamynda, şol ýurtlaryň halklary ajaýyp nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk we amaly-haşam sungatynyň eserlerini döredipdirler. Gündogar ýurtlarynyň medeniýetiniň ösüşinde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm orny bardyr. Şu ýagdaýyň özi Gündogar halklarynyň sungatyndaky meňzeşliklerini we olaryň arasyndaky jebis baglanyşyklaryny hem- de her biriniň göz-görtele tapawutlandyryjy milli aýratynlyklaryny düşündirýär.
Hytaý nakgaşçylygyna degişli sungat eserleri özboluşly, bolup olar ýönekeý külterlenen kagyzdan dikligine ýa-da keseligine dolanyp, adatça, tuş, guaş we suwly boýaglar bilen ýerine ýetirilendir.
Hytaý suratkeşleri şekillendirýän esbaplarynda ýagtylyk-kölege usullaryny ulanmandyrlar. Olar uzakda ýerleşen görnüşleri bir tekizlikde ýerleşdirmän, şekilleri göwrüm bilen giňişligiň ähmiýetine gabat getirip taslama gurluşyny düzüpdirler. Beýan edijilik žanrdaky nusga hökmünde suratkeş Žun Týanyň “Alymlaryň geňeşi” atly eserini görmek bolar. Bir oýna gümra bolup oturan ýa-da dynç alýan alymlaryň şol bir wagtda dünýäniň gurluşynyň syrly ýollary hakynda oýlanyp oturan pursatlaryna meňzeýär.
Hytaý şekillendiriş sungatynyň iň ýörgünli hem ýaýran görnüşleriniň biri hem “Nýanhau”, bu eserlerde täze ýyl baýramçylygyna degişli wakalar suratlandyrylandyr. Durmuşy sahnajyklaryň üsti bilen täze ýyl arzuwlary hem-de has şatlykly we baýramçylyk günleri şekillendirilipdir. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň işgärleriniň dikeldiş işlerini geçirmeginiň netijesinde, häzirki wagtda diwar suratlarynyň esasynda şol döwrüň medeniýeti we sungaty ýokary ösüşde bolandygyny, hem-de şol döwrüň adamlarynyň tebigatyň özgertmelerini çeperçilik taýdan kabul edendikleri barada düşünje almak bolýar. Şeýle-de, şol ýerden tapylan misden ýasalan bezeg şaýlary, kulalçylyk eserleri, toýundan ýasalan haýwan heýkeljikleri ýaly tapyndylar we olaryň bir bölegi muzeýiň hemişelik ekspozisiýasyna gowşuryldy. Şol tapyndylar Türkmenistanda senetçiligiň ösendigi barada habar berýär. Muzeýde Ýaponiýanyň sungatyndan reňkli grawýuranyň kiçiräk toplumyny görmek bolýar. Bu eserlerde anyk ýüze çykýan, kä ýerlerinde bolsa inçelip, ýitip gidýän ýaly, çeper täsirliligi uly orun eýeleýär. Reňkler köplenç çyzyklaryň kömegi bilen döredilýär, keşpleriň ruhy ýagdaýyny güýçlendirýän owaz ýaly bolup eşidilýär. “Iki zenan”, “Agajyň astyndaky zenan”, “Zenanyň keşbi” atly grawýuralarda suratkeş gahrymanlarynyň ruhubelentligini erkin geçirilen çyzyklaryň kömegi bilen beýan edýär.Hindistanyň gadymy we ajaýyp sungaty hem önümleriň ýerine ýetiriliş ýokary tehnikasy hem-de ýasalyş usuly muzeýiň toplumyndaky pil süňkünden ýasalan zergärçilik önümleri sadadan nepisligi bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, toplumda zergärçiligiň dürli usullarynda ýasalan metal önümler hem ýerleşdirlendir.Hindistanda metal önümleri gadymy döwürlerden bäri işlenilip gelýär.Eýranyň ýüň halylary dünýäde meşhurlyk gazanan önümlerdir. Olaryň önümçiligi gadym döwürlerde ýüze çykýar. Eýran halylarynyň haşamlygyyny nagyş we ösümlik, şeýle – de haýwan şekilleri bezeýär. Muzeý toplumynda saklanylýan eýran halylarynyň reňk öwüşginleri olary dabaraly we kaşaň görkezýär.
Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň ylmy işgärleri we gaznaçylary sergi geçirmek boýunça uly işleri alyp barýarlar. Muzeý gaznahanalarynda ýerleşýän eserlerinden her ýylda onlarça sergiler gurnalýar, onuň hemişelik ekspozisiýasy täzelenip durýar. Munuň özi muzeý toplumyny wagyz etmäge, muzeý gaznahanalaryndaky gymmatlyklary giň tomaşaçylar köplügine görkezmäge mümkinçilik berýär. Muzeý ýygyndysynyň üsti hemişe ýetirilip durýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlyga eýe bolmagy bilen, ýurtdumyzda medeniýet we sungat täze belentliklere galýar. Suratkeşleriň soňky döwürlerde döreden eserlerinde dünýä täzeçe garamak, tehniki usullaryň köpdürlüligi ýaly usullar peýda bolýar. Ol eserlerde halkyň şöhratly taryhy geçmişiniň, eziz diýarymyzyň gözel tebigatynyň, Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň ýaşaýjylarynyň gündeki zähmetiniň waspy ýetirilýär.
Häzirki zaman türkmen suratkeşleri hemişe döredijilik gözleglerinde. Olar eser beýanynyň täze ýollaryny tapýarlar, professional ussatlygy kämilleşdirýärler. Dünýä sungatynyň gazananlaryny öz döredijiliginde eserleriniñ üsti bilen görkezip, türkmen suratkeşleri milli sungatyň ösüş tejribesinden peýdalanýarlar, beýle ýagdaý bolsa, ajaýyp eserleriň döremegine, ýurdumyzyň ruhy gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna alyp barýar.
Professor W. Sarianidi 30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň çäklerinde gazuw-agtaryş işlerini geçirýär. Gadymy döwürlerde Murgap derýasynyň deltasynda (häzirki Mary welaýatynyň çäginde) ýerleşen Marguşyň (b.e.ö. 3 müň. ahyry) açylmagy dünýä ýaň saldy. Arheologlar ol ýerde bürünç zamanasynyň gadymy ussalarynyň ýasan önümleriniň köpüsini tapdylar. Tapylan medeniýet we durmuş esbaplaryny seljermek bilen, W.Sarianidi Marguş döwletiniň gadymy adamzat siwilizasiýasynyň bäşinji merkezi bolandygy baradaky esaslandyrylan pikiri öňe sürýär. Gadymy Marguş ussalarynyň eserleri muzeýiň ekspoziziýasynda ýokary derejede ýerine ýetirilen kämil kulalçylyk we metal önümleri hökmünde ýerleşdirlendir.
“Türkmenistanyň gadymy sungaty” bölüminiň ýygyndysynda bar bolan köp sanly özboluşly eserler Marguş ýurdunyň ussalarynyň öndüren durmuş we dini zerurlykly üçin önümleriniň çeperçilik we tehnika taýdan kämil ösendigini görkezýär. Olar mozaikadan haşamly gapyrjaklar, kosmetika müşk-anwarlary, monjuklar, jandarlaryň şekilindäki nepis bürünç iňňebagjyklarydyr.Parfiýanyň iň meşhur ýadygärlikleriniň biri Köne Nusaý şäheridir. Arheologlar tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Parfiýanyň paýtagty Nusaýda köp sanly ybadathana we köşk toplum ýadygärliklerinden tapylan meşhur bulgurlaryň üsti açylýar. Parfiýanyň sungatynda Gündogaryň we Günbataryň utgaşmasyny görmek bolýar. Halkyň amaly-haşam sungaty estetikanyň we tejribäniň, sungatyň we durmuşyň birleşigidir. Onuň köp dürli eseleriniň arasynda haly we haly önümleri, keçe önümleri, kulalçylyk we zergärçilik bezeg eserleri ýokary derejeli sungat hökmünde hasaplanýar. Türkmenistanyň çäklerinde gadymy döwürlerden bäri öndürilen amaly-haşam eserleri halkyň medeniýetiniň we gündelik ýaşaýşynyň bir bölegi bolupdyr.
Ýokary tehniki mümkinçilikler we çeperçilik kämillik türkmen amaly-haşam sungatyna at-abraý getirdi, türkmen ussatlarynyň öndüren önümlerine uly isleg bildirilip, olar Aziýanyň hem Ýewropanyň köp ýurtlaryna çykarylypdyr. Türkmenistanyň zergärçilik önümleri gadymy medeniýetiň aýratyn öwüşginli mirasydyr. Zergärleriň onlarçasy halk sungatynyň şu görnüşiniň däplerini döretdiler. Şaý-sepleriň çeperçilik dili halkyň edebi we saz döredijiliginiň şekillerine kybapdaşdyr. Türkmen şahyrlarynyň köpüsi – Magtymguly Pyragy, Gurbandurdy Zelili, Magrupy edebi döredijilik bilen bir hatarda zergärçilik bilen hem meşgullanypdyrlar. “Gazlar asmana galanda, howa olaryň sesine beslenýär, gyzlar suwa gidende howa olaryň şaý-sepiniň sesine beslenýär” diýen gadymy türkmen aýdymy hem bar.
Zergärçilik sungatynda türkmen ussatlarynyň zehini, özboluşly çeperçilik ussatlygy olaryň gözellik hakyndaky düşünjesini açyk-aýdyň ýüze çykýar. Muzeýiň toplumlaryndaky şaý-sepler häzirkizaman zergärleriň döreden önümleridir. Olar milli alamatlary saklamak we ösdürmek bilen, nusgawy ülňülere we nagyşlara täzelik goşýarlar. Zergärleriň döredýän önümleri esasan zenan şaý-sepleridir.
Dünýä medeniýetleriniň Altyn hazynasynda bolan nijeme eserleriň diwarlary bezemegi biziň muzeýimiziň taryhy diwarlara , tekjelere siňen kşbini has-da gadymy, has-da täsirli görkezýär.Türkmenistanda teatryň görlüp-eşdilmedik ösüşi bilen suratkeşleriň köpüsi teatr sahnasy üçin egin-başlary we sahnalary bezemek boýunça işleri ýerine ýetirýärler. Türkmenistanyň Garaşsyz bolmagy bilen, ýurtda medeniýet we sungat täze belentliklere galýar. Suratkeşleriň soňky döwürlerde döreden eserlerinde dünýä täzeçe garamak, tehniki usullaryň köpdürlüligi ýaly usullar peýda bolýar. Ol eserlerde halkyň şöhratly taryhy geçmişiniň, eziz diýaryň gözel tebigatynyň, Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň ýaşaýjylarynyň gündeki zähmetiniň waspy ýetirilýär.
Häzirkizaman türkmen suratkeşleri hemişe döredijilik gözleglerinde. Olar eser beýanynyň täze ýollaryny tapýarlar, professional ussatlygy kämilleşdirýärler. Dünýä sungatynyň gazananlaryny öz döredijiliginde eserleriniñ üsti bilen görkezip, türkmen suratkeşleri milli sungatyň ösüş tejribesinden peýdalanýarlar, beýle ýagdaý bolsa, ajaýyp eserleriň döremegine, ýurduň ruhy gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna ýardam berýär
Halkyň amaly-haşam sungaty estetikanyň we tejribäniň, sungatyň we durmuşyň birleşigidir. Onuň köp dürli eseleriniň arasynda haly we haly önümleri, keçe önümleri, kulalçylyk we zergärçilik bezeg eserleri ýokary derejeli hökmünde hasaplanýar. Türkmenistanyň çäklerinde gadym döwürlerden bäri öndürilen önüm eserleri halkyň medeniýetiniň we gündelik ýaşaýşynyň bir bölegi bolupdyr. Şekilli we nagyşly täze halylary döretmek bilen, suratkeşler şu sungata degişli meseleleri döredijilikli çözýärler, däp bolan nagyşly ýordumlara tankydy nazar bilen garaýarlar, täze eserleri döredýärler. Tekjeleriň bezegi halkyň gymmatlyklaryndan başga – da dünýä medeniýetinde yz goýan suratkeşleriň iň beýik eserleriniň nusgasyny özünde jemleýänligi bilen biziň ajaýyp, taryhy asyrlaryň ruhy siňen tekjelerimiz özleriniň häsiýetli aýratynlyklayrny saklaýar. Olaryň içinde has beýik netijäni gazanan, hemişe ýokary bir söýgä mynasyp bolan eserler, jahankeşdeleriň hem –de muzeý söýüjileriň ünsüni özüne çekmegi bilen halkara konferensiýalaryň geçirilýän ýylynda bizi buýsançly bakyşlar bilen her bir eksponatyň taryhy gymmatlyklaryna ýene-de täzeden ser salmaga mümkinçilik döredýär. K.Baýlyýew nepisden döredilen ajaýyp “Küýzeçi” (1980) we “Çopan owazy” (1980) atly gobelenleriň awtorydyr. Öz gobelenlerinde dürli materiallaryň häsiýetini başarnykly ulanypdyr, onuň şol usuly eserleri has-da täsirli ýerine ýetirilipdir. ürkmenistanyň zergärçilik önümleri gadymy medeniýetiň aýratyn öwüşginli mirasydyr. Zergärleriň onlarçasy halk sungatynyň şu görnüşiniň däplerini döretdiler. Şaý-sepleriň çeperçilik dili halkyň edebi we saz döredijiliginiň şekillerine kybapdaşdyr. Türkmen şahyrlarynyň köpüsi – Magtymguly Pyragy, Gurbandurdy Zelili, Magrupy edebi döredijilik bilen bir hatarda zergärçilik bilen hem meşgullanypdyrlar. “Gazlar asmana galanda, howa olaryň sesine beslenýär, gyzlar suwa gidende howa olaryň şaý-sepiniň sesine beslenýär” diýen gadymy türkmen aýdymy hem bar. Türkmen zergärleriniň gelin- gyzlarymyza bagyşlan ajaýyp işleri hem dünýä medeniýetinde, zergärçilik sungatynda ýer alanlygy bilen aýratyn tapawutlanýandyr. Zergärçilik sungatynda türkmen ussatlarynyň zehini, özboluşly çeperçilik ussatlygyň olaryň gözellik hakyndaky düşünjesi açyk-aýdyň ýüze çykýarOlar milli alamatlary saklamak we ösdürmek bilen, nusgawy ülňülere we nagyşlara täzelik goşýarlar. Zergärleriň döredýän önümleri esasan zenan şaý-sepleridir. Sebäbi hut zenan şaý-seplerinde halk zergärçilik döredijiliginiň çeperçilik we estetika ýörelgeleri has doly ýüze çykýar. Köýnegiň ýakasyna dakylýan gülýaka önümi has ýörgünlidir. G.Ataýewiň “Şelpeli gülýaka”, B.Gurbangeldiýewiň “Parahatçylyk”, S.Rahmanowyň “Şapak” atly gülýakalary kümüşden ýasalyp, gymmat we ýarym gymmat bahaly daşlar bilen bezelipdir. Türkmen zergärleriniň türkmen gelin- gyzlary üçin ýasan şaý- sepleri muzeýimiziň Altyn gaznasynyň hem bezegidir, her bir işiň gadymylygyny saklamak, işimizde muzeý eksponatlarynyň saklanmasynda dünýä standartlarryny ulanyp işlemek, döwrebap enjamlaryň kömegi bilen işleşmek bu günki gün Bitaraplygymyzyň beýikden- beýik bellenilýän günlerine taýýarlyk görülmegi hem-de medeniýet hem-de sungat işgärleriniň baýramçylygyna sowgatly gelmek- dürli sergiler gurnamakda elimizden gelenini edýäris we şeýle ajaýyp ýurtda ýaşap, işläp , öz taryhymyzy giňileýin öwrenmäge mümkinçilik tapýanlygymyz üçin biz buýsanýarys.
Türkmen halkynyň ylham alýan şahyrlardyr, ýazyjylar täze- täze eserler döretse, suratkeşler milli buýsançlarymyzy, nyşanlarymyzy öz işlerinde şöhlelendirip, üstünlikli durmuşymyzy nakgaş işlerine geçirýärler. Munuň özi halkymyzda hem buýsanç duýgularyny oýarýar.Biziň muzeýimiz bolsa, şeýle gymmatlyklary öz tekjelerinde saklamak bilen ýurumyzyň we halkymyzyň milli medeniýetine aýratyn sarpa goýýar. Ata- babalarymyzyň paýhasly wesýetlerini, milli we umumy adamzat gymmatlyklaryny özünde jemläp, adamy we onuň bagtyýarlygyny häzirki döwürde sanly bilim hem- de tehnologiýalar babatynda döredilýän mümkinçilikleriň çägi gün- günden artýar. Häzirki döwürde dünýä tehnologiýasynda üstünlikleriň amala aşyrylmagy bolsa, ýurdumyzyň
türkmen ýüreginiň gaýnap duran söýgüsinden, ýiti zehinden, akyldan hem- de watana bolan söýgiden, ýaşyl baýdaga bolan buýsançdan gelip çykýan joşgun- elbetde hökman ýeňişli bolup biler.
Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryndan ugur alyp, ýurdumyzda geçirilýän köpugurly syýasy hem- de beýleki ugurlar boýunça ösüşler bu günki gün Parahatçylygyň belenet mazmunlaryny açyp görkezmekde üstünlikli çykyş etdi. Bu ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmakýyly” diýip, yglan edilmegi ýurdumyzda Türkmenistan üçin wajyp ähmiýete eýedir Gahryman Arkadagymyz bilen , Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen öňe äkitjek baýdagynyň, ýolunyň, ýörelgesiniň kökleridir. Ol kökler türkmeniň sarsmaz ruhunyň köküdir. Goý şeýle kökler müňýyllyklara barýan ak ýola uzasyn! Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň görkezen ak ýoly bilen diňe parahatçylygy dünýä ýaýmak miýesser etsin!
Ogulmaral Ataýewa
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň esasy hünärmeni