Ýartygümmez kümmeti – bu Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginde, Köne Sarahs şäheriniň harabaçylygyndan takmynan 7-8 km günorta-gündogar tarapda ýerleşýän orta asyrlara degişli iň gymmatly binagärlik ýadygärlikleriniň biridir. Ol Seljuklar döwrüniň binagärlik sungatynyň ussatlygyny görkezýän ajaýyp nusgadyr.
Ýadygärligiň gurluş wagty barada irki döwürlerde anyk maglumatlar bolmasa-da, soňky arheologik barlaglar we okalan kufi ýazgylary netijesinde anyk senesi kesgitlenildi. Kümmetiň daş ýüzündäki ýazgynyň görkezişine görä, bu desga 1098-nji ýylda (hijri 491-nji ýylda) bina edilipdir. Bu, kümmetiň XI asyryň ahyryna, ýagny Seljuk türkmenleriniň döwletiniň gülläp ösen döwrüne degişlidigini aňladýar. Taryhçy as-Samanynyň (1113–1167 ý.) “Kitap al-ansab” (“Atlaryň genologik kitaby”) atly eserinde berýän maglumatlaryna görä, bu ýadygärlik Şyh Ahmet al-Hadynyň mazarynyň üstüne bina edilipdir. Ahmet al-Hady X–XI asyrlarda Sarahs töwereklerinde ýaşap, il içinde uly abraýa eýe bolan musulman dininiň görnükli wekilleriniň biri bolupdyr. Ol kümmetiň ýerleşen ýerindäki Andukan atly uly obadan bolupdyr.
Ýerli ilat tarapyndan bu ymarata “Ýartygümmez” (ýarym gümmez) diýilmegi, onuň biziň günlerimize ýarymýumrulan ýagdaýda gelip ýetmegi bilen baglanyşyklydyr. Onuň gümmeziniň we diwarlarynyň uly bölegi saklanyp galmany üçin, bu at halk arasynda giňden ýaýrapdyr. Käbir rowaýatlarda bolsa ony Muhammet Hanapiýanyň (Ymammuhammet baba) guburhanasy diýip atlandyrýarlar.Ýartygümmez Seljuk binagärlik mekdebiniň örän özboluşly we täsin nusgasydyr.Kümmet esasan bişen kerpiçden (23×23×5-5,5 sm) gurlupdyr. Plan boýunça ol inedördül (daşky taraplary 12×12 metr) görnüşdedir. Diwarlaryň galyňlygy 1,75 metre ýetipdir.
Desganyň iň täsin aýratynlygy onuň gümmezidir. Gümmez inedördül binanyň üstünde gurlup, ol özboluşly parus ulgamy arkaly amala aşyrylypdyr. Bu ulgam uly üç güberçekden düzülen we depesi dördünji güberçek bilen tamamlanýan özboluşly bir usul bolup, Seljuk binagärliginiň inženerçilik we estetiki çözgütlerini görkezýär. Diwarlaryň daşky ýüzüniň örümi beýleki Sarahs ýadygärliklerindäki ýaly nagyşly bolup, kerpiçler goşalandyrylyp, hatda “arça” şekilinde örülişi ussatlaryň ýokary hünärini görkezýär.Kümmetiň aýratynlyklarynyň ýene biri, onuň girelgesiniň esasy arhitektura desgalarynyň köpüsinden tapawutlylykda günorta bakdyrylandygydyr. Şeýle-de, häzirki wagtda onda tagçalarynyň we girelge peştagynyň ýokdugy bellenilýär.
Häzirki wagtda Ýartygümmez kümmeti gaty weýran bolan ýagdaýda saklanyp galypdyr. Ýöne onuň günorta we gündogar-günbatar diwarlaryndan bölekler saklanyp galan. Kümmet 1931-nji ýylda ilkinji gezek hasaba alnyp, görnükli alymlar G.A. Pugaçenkowa we M.Ý. Masson tarapyndan öwrenilipdir. Soňky ýyllarda, hususan-da 1994-1995 we 2004-nji ýyllarda bu taryhy ýadygärligi gorap saklamak we dikeltmek boýunça işler alnyp baryldy.
Ýartygümmez kümmeti Seljuk döwrüniň ýokary binagärlik ussatlygyny, dini-filosofik taglymatlaryň arhitektura siňdirilişini görkezýän möhüm ýadygärlikdir. Onuň XI asyrda gurlanlygy we Şyh Ahmet al-Hadynyň mazaryny saklaýandygy baradaky ylmy maglumatlar, bu desganyň Türkmenistanyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidigini we Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky taryhy ojaklaryň ähmiýetini ýene bir gezek tassyklaýar.Ýartygümmez – Haçan gurlany anyk aýdylmasa-da, orta asyrlara degişli binagärlik ýadygärligidir.
Taşpolatowa Hürmet
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 110-njy toparynyň talyby