Türkmenistanyň demirgazygynda, gadymy Horezm topragynda ýerleşýän Daşoguz welaýaty özüniň baý taryhy-medeni mirasy, esasan-da, myhmansöýerlik we toý däpleri bilen aýratyn tapawutlanýar. Bu däpler asyrlar boýy nesilden-nesle geçip, halkyň ruhy gymmatlyklaryny we agzybirligini özünde jemleýär.Daşoguz sebitiniň myhmansöýerligi türkmen halkynyň ähli ýerindäki ýaly, iň mukaddes we hormatly hasaplanýan ýörelgedir. “Myhman ataňdan uly” diýen pähim bu ýerlerde hem esasy ýörelge bolup durýar.
Myhman gelende, ilki bilen oňa uly hormat goýlup, dessine oturmaga iň gowy ýer hödürlenýär. Halkara ähmiýetli çärelerde (mysal üçin, şäheriň GDA-nyň medeni paýtagty bolan wagtlary) daşary ýurtly myhmanlar milli myhmansöýerlik däplerine laýyklykda, duz-çörek bilen garşylandy. Duz-çörek we saçak berekedi, dostlugy we hoşniýetliligi aňladýar.Myhmanyň öňüne iň süýji we datly milli tagamlar hödürlenýär. Nahar çekilende, myhmanyň öňüne ilki iň gowy bölegi goýulýar. Esasy tagamlar: türkmen palawy, dograma, we ýarma bolup, myhmansöýerlik saçagynyň aýrylmaz bölegidir.Myhmany goldamak we onuň ýagdaýyny soramak myhmansöýerligiň iň esasy aýratynlygydyr. Islendik kynçylyk ýa-da gyssagly iş ýüze çyksa, il-gün derrew goldaw berýär.Daşoguz toýlary, esasan-da, gelin toýlary, özüniň gerimi, köp sany myhmany we özboluşly dessurlary bilen meşhurdyr. Toý, adatça, birnäçe gün dowam edip, ähli dogan-garyndaşlary we goňşy-golamy bir ýere jemleýär.
Gudaçylyk-Müň Ýylçylyk: Gelin toýunyň öňünden gudaçylyk meselesine juda çynlakaý we inçe çemeleşilýär. Gudalyk tutmak maşgalanyň arasynda hormaty we ynamy döredýän başlangyç hasaplanýar.Atgulak bu dessur toý gününden öň geçirilýär. Öýlenýän oglanyň ejesi (ýa-da ýakyn garyndaşlary) gyzyň ýakyn garyndaşlaryna sowgatlar (matalar, süýjülikler, halylar, ýaglyklar) gowşurýar. Bu däp iki maşgalanyň dostlugyny we geljekki garyndaşlygyny pugtalandyrýar.Türkmen gelin toýlary ortaça üç gün dowam edip, “Ýalan Çelpek”, “Çyn Çelpek” we Gelnalyjy günlerini öz içine alýar.
”Ýalan Çelpek” (Birinji gün): Goňşy-golam we dogan-garyndaşlar üýşüp, gudalara äkidilmeli saçak (esasan, çelpek) üçin taýýarlyk görülýän gün.
”Çyn Çelpek” we Esasy Dabaralar: Iň şowhunly we esasy toý dabaralarynyň geçirilýän güni.
Kejebe: Daşoguz sebitinde we beýleki welaýatlarda gadymdan dowam edip gelýän ajaýyp dessur bolupdyr. Täze gelin, adatça, düýäniň üstünde gurlan, agaç ussalary tarapyndan ýörite ýasalan we haly-keçeler bilen bezelen kejebä salnyp, gelnaljylap alynyp gelinýär. Täze gelen gelin halylar we haly önümleri bilen bezelen ak öýe (häzirki zaman şertlerinde döwrebap jaýlara) salynýar. “Türkmeniň ak öýi” binasy, bu welaýatda toý-baýramlary geçirmek üçin gurlan we milli binagärligiň däplerini dowam etdirýän desgalaryň biridir.Uly toýlarda diňe bir aýdym-saz, bagşyçylyk däl, eýsem, at çapdyryp, göreş tutulýar we ýaşlar üçin “ýüzük bukdy” ýaly milli oýunlar guralýar. Bagşy-sazandalaryň joşgunly çykyşlary (dutar we gyjak sazlary) toýa aýratyn ruh berýär.
Daşoguz welaýatynyň myhmansöýerlik we toý däpleri, bu sebitiň gadymy taryhy, baý medeniýeti we halkyň agzybirlige, hoşniýetlilige goýýan uly sarpasynyň aýdyň beýanydyr. Bu dessurlar nesilleriň arasyndaky gatnaşyklary berkidip, türkmen halkynyň milli özboluşlylygyny gorap saklamaga ýardam edýär.
Orunow Agajan
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 110-njy toparynyň talyby