Sefewileriň döwründe iri meýilnamalar we şähergurluşyk işleri, Abbas I döwründe paýtagta öwrülen we XVII asyryň başynda ýarym million ilatly uly şäher bolan Yspyhanda döredilipdir. Yspyhanyň merkezinde uzynlygy 500 m töweregi bolan gönüburçly Meýdan-i şa meýdançasy gurlupdyr. Meýdançanyň 4 tarapynda Şanyň metjidi, Lutfalla metjidi, Ali Kapu köşgi (13-nji surat) we bazarlar ýerleşdirilipdir.
Köşgüň ýanynda giň, ok ýaly göni, 1595-nji ýylda ekilip çykylan çynarly çarbag ýodasy başlanýar. Ol 3 km uzap gidýär. Zaýenderud derýasyny köpriniň üsti bilen kesip geçip, şäheriň derýanyň aňyrsyndaky bölegini şanyň giň baglygyna alyp gidýär. Sefewileriň şäher meýilnamalaşdyryş işlerinde öňki Yspyhan meýilnamasyny gaty üýtgeden bolmaklary ähtimaldyr, ýöne ýaşaýyş kwartallarynda orta asyrlar üçin adaty bolan egri, dar köçeleriň, geçelgeleriň bulam-bujar ulgamlary saklanyp galypdyr.
Sefewileriň köşkleriniň binagärligine we owadanlygyna, adatça, seýilgähleriñ arasynda ýerleşdirilen aýratyn pawilýon hökmünde baha berilýär. Hatda uly ölçeglerde hem olar gelşikli we ýeňil görünýär. Düzgün bolşy ýaly, jaýyň öň tarapyna uly eýwan çykýar, tekiz üçek birnäçe beýik agaç sütünlerine daýanýar. Ägirt uly 6 gatly Ali Kapu köşgünde (XVII asyryň başy) sütünler ýokarky bölegini bezeýär. Ali Kapunyň ýanynda ullakan gowy meýilnamalaşdyrylan seýilgähde ýerleşen Çehel Sotun (Çehel sütün) köşgünde (1590 ý.) eýwanlarynyň sütünleriniň beýikligi 16 metrdir.Aralyklary 3 m bolan 18 sany sütünleriň hatary agaç bölünmeleri ýaýradýar, baý bezelen potology bar. Eýwanyň öňündäki gönüburçly howdan binanyň öň tarapyny serpikdirip görkezýär. Köşgüň zallary haşamlanyp bezelen.
Kuliýewa Miwegul
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 114-nji toparynyň talyby

RU









