Kordowa halyflygynyň binagärliginiň ýadygärliklerinden biziň günlerimize gelip ýetenleri azdyr. Dünýä şöhratyna eýe bolan Ispaniýanyň arap binagärliginiň örän oñat eseri Kordowadaky Omeÿÿalar metjididir.

785-nji ýylda Kordowada düýbi tutulan bina, ondan soňra hem telim gezek täzeden gurlupdyr we giňeldilipdir. Iň wajyp bina etmeler X asyra degişli bolup,  onuň häzirki görnüşini emele getiripdir. Kordowa metjidiniň şol döwürde Ýakyn Gündogaryň dini binagärliginde däp bolan düýbünden aýratyn görnüşi bolupdyr. Metjit 600 sany sütünden we 19 sany uzaldylan jaýdan (nefden) ybarat uly zally bolupdyr. Örtgüleri, iki gatly arkalaryň hatarlary göterýän sütünler birmeňzeş hatarlary bilen jaýyň içindäki giňişligi doldurypdyr. Baş mähraba alyp barýan uzaldylan  jaý hem beýlekilerden biraz giň bolupdyr. Wizantiýa uzaldylan meýilnamasynda gönüburçly bolan ybadathanasyndan (bazilikasyndan) tapawutlylykda, Kordowa metjidindäki sütünleriň ýerleşdirilişiniň kilisä tarap ugrukdyrylman, eýsem, gelýän adamyň metjide girip, ähli tarapa uzap gidýän sütünlere göz aýlamaga mümkinçilik beripdir. Şeýlelikde, binanyň binagärliginde merkezi ok bolmandyr. Bu jaýyň öň tarapynda hem şöhlelendirilipdir. Metjidi gurşap alýan diwarda birmeňzeş bezelen girelgeler bolupdyr.

Metjidiň namaz okalýan zalynda içki giňişligiň özboluşly çözgüdi ulanylypdyr.Ol ençeme öýjüklere bölünip, olaryň her haýsysy bolsa birmeňzeş gurluşyk we binagärlik böleklerini emele getirýär. Esasy we ýeke-täk diýen ýaly binagärlik äheňi köp görnüşli jähetden seredilip, metjidiň binagärliginiň özboluşlylygyny ýüze çykarýar. Mundan başga-da, ol ýene-de ýarym aýlawlaryň ikinji gatynda hem gaýtalanýar. Bularyň ählisi binagärlik bitewüligini döredýär. Kordowa metjidiniň sütünli zalyny gür tokaý bilen deňeşdirýärler. Hakykatdan, tegelek, düýbi bolmadyk,poldan ösüp çykan ýaly köp reňkli mermerden, ýaşmadan, porfirden ýasalan pes sütünlerde, biri-birine çyrmaşan şahalar ýaly, dürli taraplara ýaýrap gidýän nal şekilli we ýarym aýlaw görnüşindäki arkalar ýerleşdirilipdir. Birnäçe sütünleriň we iki gatly ýarym aýlaw örtgüleriň kesişmesi, ak we gyzyl daşlaryň örmesi baý çyzykly we ýagty kölege oýunly çylşyrymly nagyş sazlaşykly owadan bezegi emele getirýär. Sütünleriň tokaýy garaňkylykda ýitýär, giňişlik uly görünýär we tükeniksizligiň duýgusyny döredýär, älemiň giňligi barada pikirlendirýär. Zalyň daşky burçunda baý bezelen mährap we halyfyň oturmaly orny (maksura) ýerleşýär. Metjidiň bu bölegi özboluşly, ganata meňzeş ýarym aýlawlary bilen tapawutlanýar, üstesinede ýokarky gatda ýarym aýlawlar özboluşly örülipdir. Şeýle äheňiň haşamlylygy her bir ýarym aýlawly örtgüsi reňkler bilen gezekleşýän, oýma nagyşly daşlardan düzülmegi bilen nygtalypdyr. Haşamly ýarym aýlawlaryň çyzyklaryny gaýtalaýan gümmezleriň nepis taraşlanan pahna görnüşli daşlardan edilen ýarym aýlawly örtgüleri sekizburçly ýyldyzlary emele getirýär.

Myradowa Aşyrbike
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 114-nji toparynyň talyby