Orta asyr gurluşygynyň ýene bir ajaýyp nusgalarynyň  biri Teýmirleňiň aramgähi – Samarkantdaky meşhur Gur Emirdir.Binagärlikde ägirt uly beýikli-pesli gümmez agdyklyk edýär. Ol silindr şekilli beýik eginden ýokarda ýerleşýär. Binanyň aşaky bölegi sekizburçlukdan ybarat. Häzirki wagtda onuň köpsanly giçki gurluşyklar bilen örtülen we uly bolmadyk  demirgazyga gönükdirilen girelgesi bar. Gurluşygyň deň ölçegliligi şulardan ybarat: egniň we gümmeziň paýyna binanyň umumy beýikliginiň ýaryndan gowragy düşýär. Gümmez goýy gök izrazesler bilen örtülen. Bu bolsa ýene bir gezek onuň beýikli-pesli görnüşine öwüşgin bermek bilen, ony has-da tapawutlandyrýar. Eginde uly harplar bilen Hudaýa salgylanan öwgüli sözler ýerleşdirilen. Sekizburçlugyň diwarlary syrçalanmadyk kerpijiň görnüşinde ak we mawy izrazesler bilen bezelen.

Owadan binagärlik bezegleriniň monumental we beýik taslamasyna jaýyň içki görnüşiniň kaşaň gurnalyşy laýyk gelipdir. Olaryň arasynda özüniň berkligi  bilen Teýmirleňiň mazary tapawutlanýar. Ol iki sany goýy ýaşyl nefritden ýasalan.Ýonulan iki taý gabsaly gapy hem aramgähiň görnükli bezegi bolupdyr. Onuň ýokarsynda iki taraply kaşaň nagyş ýerleşdirilen. Nagyş dürli reňkli agaçdan, süňkden we metaldan ýasalan.

Gur Emir Orta Gündogaryň binagärliginde aýratyn orny eýeleýär. Onuň binagärliginde Orta Gündogaryň heýkeltaraşlarynyň köp nesliniň döredijilik pikirleri jemlenen. Gur Emiri girelge binalaryna hem, minara aramgählerine hem degişli edip bolmaýar. XV asyrda Teýmirleňiň imperiýasynyň dargandygyna garamazdan, Orta Gündogar halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklar berkleşip başlapdyr.

Baýramow Merdan
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 119-njy toparynyň talyby