XIV asyrda ýene-de şäher durmuşy janlanýar (aýratyn hem, Demirgazyk Türkmenistanda). Köşkler, ýaşaýyş jaýlary, bazarlar, kerwensaraýlar gurlup, ýadygärlik toplumlary düzülipdir (Gökgümmeziň töweregindäki girelge-gümmez aramgähleriniň topary, Merw jülgesi). Şol döwürde giňişlik gurluşynyň çylşyrymlaşmagy bilen tapawutlanýan monumental binalarda göwrüm taýdan aýratyn bölünip görkezilen girelge peştaga möhüm orun berlipdir. Ýarym gümmez we gümmez düzgünlerini, çig we bişen kerpiçleri ulanypdyrlar. Ýaşaýyş jaýlarynda çig-karkas gurluşlary we agaç bassyrmalar agdyklyk edipdir. Binalary nagyşly kerpiç örümi (Köneürgençdäki Gutlug Timuryň minarasy), nagyşly suratlar (Mänedäki Abu-Seýidiň kümmeti), syrçaly keramikasyndan oýulan mozaika we ýüzi syrçaly örtgi plitalary (Köneürgençdäki Törebeg hanymyň kümmeti bilen bezàpdirler.
XV asyryň binagärlik sungaty, esasan, Teýmirler zamanasynyň binagärlik sungatynyň çetdäki seslenmesidir. Kada boýunça gurulýan binalary, hammamlary, suw geçirijileri we lagym gurluşlary bolan Abdyllahangala gadymy şäher harabaçylygy (Merwde), Änewdäki suw howdany, Döw-Kesen gadymy şäher harabalarynda «çarbag» görnüşli baglar (Üstýurt üsti tekiz belentlikde; XV–XVI asyrlarda Wezir şäheri) we Akgala (Sarygamyş çöketliginde), Merwdäki we Döw Kesendäki dini toplumlardyr. Kadadan çykma hökmünde 2 sany ashablaryň (arap serkerdeleriniň) guburynyň öňünde deňi-taýy bolmadyk Merwdäki 2 girelgeli binany we çylşyrymly göwrüm-giňişlik taslamasy we ýyldyz şekilli arkalarda duran gümmez örtgüleriniň we gümmezleriniň dürli-dürlüligi, köp reňkli bezegi keramiki mozaika toplumy (jaýyň öň taraplarynda, towlanýan aždarhalaryň, mähraplaryň şekili bolan girelgäniň ýokarky bölekleri), urguly haşamlanan we çapylan bezegler (jaýyň içki bezeginde), «aýna gözenekleri – penjireleri bilen tapawutlanýan Änewdäki Seýit Jemaleddin metjidi (XV asyr) agzamak bolar.
Orazowa Aýgözel
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 119-njy toparynyň talyby

RU












