​Türkmen halysy gadymylygy, nepisligi, reňkleriniň sazlaşygy we dokalyşynyň ýokary hili bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Bu sungat asyrlaryň dowamynda, esasan-da, çarwa durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup kämilleşipdir. Ilkibaşda ol ýaşaýyş jaýlaryny ýyly saklamak we bezemek üçin döräpdir.

Halyçylyk sungatynyň taryhy örän gadymy döwürlere uzalyp gidýär. Arheologik tapyndylar, mysal üçin Pazyryk depesinden tapylan haly nusgasy (biziň eýýamymyzdan öňki V asyra degişli diýlip çaklanylýar), türkmen halylarynyň iň gadymy görnüşleriniň biridigini görkezýär. Şeýle-de, XIII asyrda meşhur syýahatçy Marko Polo Türkmenistanda bolanda, bu ýerde “dünýädäki iň nepis we ajaýyp halylaryň dokalýandygyny” belläp geçipdir. Bu taryhy maglumatlar türkmen halysynyň gymmatyny we şöhratyny tassyklaýar.Türkmen halysy birnäçe aýratynlyklary bilen beýleki halylardan tapawutlanýar.

Türkmen halysynyň iň esasy aýratynlygy, onuň örän syk dokalyşy bolup, bir inedördül metrde 200 müňden 400 müňe çenli we ondan-da köp çitim bolup bilýär. Bu, halynyň berkligini we uzak ömürliligini üpjün edýär. Hatda halynyň üstünden suw guýulsa-da, onuň geçmeýändigi aýdylýar.

​Däp boýunça halylaryň köpüsinde gyzyl reňkiň dürli öwüşginleri agdyklyk edýär. Gyzyl reňkden başga-da, gök, gara we ak reňkler ulanylýar. Reňkler köplenç tebigy boýaglar (ösümliklerden, güllerden, miwelerden) bilen boýalan saryja goýunlaryň ýüňünden alynýar, bu bolsa halylaryň milli öwüşginini has-da artdyrýar.

​Halyň üstündäki esasy nagyşlara “göl” diýilýär. Her bir göl, türkmen taýpasynyň (Tekeler, Ýomutlar, Salyrlar, Çowdurlar, Ärsarylar we başgalar) nyşany bolup hyzmat edýär we olarda halkyň taryhy, dünýägaraýşy, ynançlary we ruhy gymmatlyklary şöhlelendirilýär. Göller tebigatyň (ekin meýdanlary, güller, haýwanlar, asman jisimleri) şekillerini aňladyp bilýär.

​Haly dokamaklyk asyrlaryň dowamynda enelerden gyzlara geçip gelen zenan sungatydyr. Haly dokalanda diňe bir hünär däl, eýsem, yrym-ynançlar we ruhy düzgünler hem berjaý edilipdir. Türkmen halky halynyň “ruhy” bar diýip düşünýär, şonuň üçin ony tyg bilen kesmekden saklanýarlar. Haly dokamak işi uly ruhy gymmatlyga deňelýär.

Häzirki wagtda türkmen halysynyň gymmaty halkara derejede ykrar edildi. 2019-njy ýylda ÝUNESKO “Türkmenistanyň milli halyçylyk sungatyny” Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna goşdy. Bu, türkmen halysynyň diňe bir milli däl, eýsem, umumadamzat gymmatlygy bolup durýandygyny tassyklaýar.

​Türkmen Halysynyň güni bolsa her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde uly dabaralar bilen bellenilip, bu sungatyň ähmiýeti wasp edilýär.

​Türkmen halysy—bu türkmen halkynyň kalbyndaky mähri we zähmeti siňdiren, müdimi we gözellik sungatynyň naýbaşy nusgasydyr.

Jumaýew Merdan

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 101-nji toparynyň talyby